Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bitaraplyk senesini belleýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň suraty
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň suraty

Türkmenistan bitaraplyk senesini belleýär. Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna eýe bolan döwletdigi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, dünýäniň 185 ýurdunyň goldamagynda kabul eden rezolýusiýasynda görkezilýär.

Türkmenistan bitaraplyk statusyna salgylanyp, regional guramalaryň ençemesine goşulmakdan saklanyp gelýär.

Türkmenistan 2005-nji ýylda özüniň agza bolan ýeke-täk regional guramasy Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy (GDA) guramasyndan çykyp, onuň düzüminde assosirlenen, ýagny çäkli görnüşde saklandy.

Bitarap döwlet bolmak bilen Türkmenistan regionda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyna umyt baglaýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, türkmen hökümeti ýurduň bitaraplyk statusyna Türkmenistanyň dünýäde abraýynyň ykrar edilmeginiň alamaty hökmünde garaýar we ýurduň öz ýörelgelerine berk eýermegiň nusgasy bolup durýandygyny nygtaýar.

Emma syýasy bilermenler Türkmenistanyň bitaraplyk statusynyň regiona howpsuzlyk nukdaýnazaryndan hiç hili täsir ýetirmändigini, emma ýurduň ýolbaşçylarynyň ýöredýän üzňelik syýasatynyň güýçlenmegine getirendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky öňki ilçisi bolan Nurmuhammet Hanamow şeýle diýýär: “Türkmenistana bitaraplygyň beren üýtgeşik zady ýok. Ol diňe ýolbaşçylar, öň Nyýazow, häzir hem Berdimuhamedow tarapyndan öz totalitar režimini berkitmek üçin ulanyldy. Türkmenistan goňşy döwletlerden özüni üzňeleşdirdi, eden-etdilige ýol açdy. Sebäbi GDA guramasynda, ýa-da başga bir guramada kabul edilen düzgünler bar. Olar Türkmenistanyň isleglerine gabat gelmeýär. Şonuň üçin Türkmenistan özüni daşky dünýäden çetleşdirýär”.

Türkmen mediasyna görä, şu günki gün Türkmenistan BMG, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy, ÝHHG, Goşulmazlyk hereketi we Yslam hyzmatdaşlyk guramasy bilen syýasy, ykdysady we medeni aragatnaşyklary berkitmäge we çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berýär.

Döwlet bitaraplygynyň 21-nji ýyl dönüminde türkmen resmileri bu statusyň ýurtda sosial-ykdysady reformalary üstünlikli geçirmek we ilatyň maddy ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hem mümkinçilik döredendigini aýdýarlar.

Şu ýyl Türkmenistanyň bitaraplyk baýramçylygy ýurduň döwlet edaralarynda iş orunlarynyň gysgaldylýan wagtyna, aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki sosial tölegleriň birnäçe aýlap gijikdirilip berilýän döwrüne, ýurtda azyk önümleriniň gymmatlaşyk pursadyna gabat geldi.

Türkmenistanyň iň uly baýramçylyklaryň biri bolan bitaraplyk güni ýurtda giň derejede bellenip gelýär.

Şu ýyl baýramçylykly dabaralar ozalky ýyllarda bolşy ýaly ýurduň prezidentiniň, hökümet we mejlis agzalarynyň Türkmenistanyň bitaraplyk diňine gül goýmagyndan başlandy.

Bitaraplyk baýramy sebäpli adatdakysy ýaly günä geçiş yglan edilip, şu ýyl jemi 561 adam türmeden boşadyldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda täze harby doktrinasyny kabul eden Türkmenistan onuň parahatçylykly häsiýete eýedigini aýdýar, şol bir wagtda-da ýaragly güýçleriniň maddy üpjünçiligini mundan beýläk-de artdyrmak planlaryny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG