Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Jakartanyň häkimi hudaýa şek ýetirmekde sud edilýär


Indoneziýanyň paýtagtynyň häkimi Basuki Tjahaja Purnama.

Indoneziýanyň paýtagtynyň häkimi hudaýa şek ýetirmek işi bilen baglanyşykly geçirilýän sud diňlenişiginiň ilkinji gününde yslamy kemsidendigi baradaky aýyplamalary ret eden mahaly aglady.

Hytaý etniki azlygyndan bolan hristian Basuki Tjahaja Purnama 13-nji dekabrda Jakartanyň suduna beren maglumatynda öz aýdan sözleriniň Gurhanyň aýatlaryna degişli däl-de, onuň aýatlary “nädogry” ulanýan syýasatçylara gönükdirilendigini aýtdy.

Ol sentýabr aýynda eden çykyşynda özüne goldaw bermezlik üçin Gurhandan aýatlary ulanýan adamlaryň ses berijileri aldaýandygyny aýdypdy.

Yslamçy toparlar onuň Gurhany tankyt edendigini aýdyp, polisiýa şikaýat haty bilen ýüz tutdylar.

Şondan soň, Purnama bu aýdan sözleri üçin ötünç sorapdy. Emma aşa konserwatiw musulmanlardan ybarat protestçiler onuň sud edilmegini talap etdiler.

Eger Purnama günäli tapylsa, onda ol bäş ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG