Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň saýlaw kollegiýasy aňtaw gulluklaryndan maglumat soraýar


Demokrat Hillari Klintonyň prezident kampaniýasynyň ba\lygy John Podesta.
Demokrat Hillari Klintonyň prezident kampaniýasynyň ba\lygy John Podesta.

Öňümizdäki hepdä planlaşdyrylan ses berişlikde geljekki prezidenti tassyklamaly saýlaw kollegiýasynyň käbir agzalary 8-nji noýabr saýlawlaryny gazanmakda Orsýet Donald Trampa kömek etdi diýilýän gürrüňler barada, özlerine jikme-jik maglumat berilmegini isleýärler.

Saýlawda ýeňlişe uçran demokrat Hillari Klintonyň kampaniýasynyň goldamagy bilen on sany saýlaw wekili – dokuzy demokrat, biri respublikan – 538 agzaly saýlaw kollegiýasy 19-njy dekabrda ses berişlige ýygnanmazdan öň Orsýetiň demokratlaryň e-maillerini hak etmegi baradaky subutnamalaryň nähili derejededigi hakda özlerine maglumat gerekdigini aýdýarlar.

Wekiller 12-nji dekabrda Amerikanyň Milli aňtaw gullugynyň direktory James Klappere ýazan açyk hatlarynda Donald Tramp we onuň kampaniýasy ýa egindeşleri bilen ors hökümetiniň arasyndaky ilteşikler hakda häzir alnyp barylýan derňewiň bar ýa ýokdugy, bu derňewleriň näderejededigi, näme netijelere gelnendigi, şeýle hem derňewlere kimleriň gatnaşandygy hakda, aňtaw gulluklaryndan maglumat isleýändikleri ýazýarlar.

Hatda ýene-de: “Mundan başga-da biz ähli derňewleriň netijeleri hakda jikme-jik maglumat berilmegini talap edýäris. Bular biziň jenap Trampyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolup hyzmat etmäge laýyk ýa laýyk däldigini kesgitlemegimiz üçin zerur” diýilýär.

Adatça, saýlaw kollegiýasynyň işi dürli ştatlardan gelen saýlaw netijelerini makullamak. Ýöne Birleşen Ştatlaryň baş kanuny olara saýlawyň netijelerini sorag astyna alýan adatdan daşary faktorlary-da aýdyňlaşdyrmaga hukuk berýär.

Hepdäniň aýagynda mediada Merkezi aňtaw gullugynyň gelen netijeleri boýunça Moskwa Trampyň saýlanmagyny goldamak maksady bilen demokratik partiýanyň e-maillerini hak edipdir we bu dokumentler WikiLeaks saýtyna geçip, Klintonyň kampaniýasyny dargadypdyr diýen habar ýaýradyldy.Saýlaw wekilleriniň sorag bermegi hem şondan soňra boldy.

Tramp gelnen netijäni “gülkünç” diýip häsiýetlendirdi. Ýöne Kongresiň ýokary derejeli agzalary muňa çynlakaý mesele diýip garaýarlar. Olar bu barada derňew işlerini ýola goýjakdyklaryny aýtdylar.

Saýlaw wekilleriniň jikme-jik maglumatlary talap etmegini Klintonyň kampaniýasy-da goldaýar.

Kampaniýanyň başlygy Jon Podesta saýlaw wekilleriniň haty “biziň milli howpsuzlygymyz bilen baglanyşykly möhüm meseläni gozgaýar” diýdi.

“Konstitusiýa boýunça saýlaw wekilleriniň ähmiýetli jogapkärçiligi bar. Biz olaryň soraglaryna jogap berilmegini goldaýarys” diýip, Podesta aýtdy.

Klintonyň kampaniýasy Ak tamy-da orsýetli hakerleriň Trampyň saýlanmagyna kömek etmegi hakdaky gizlin maglumatlary hem ile ýaýratmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG