Gündogar Aleppoda gozgalaňçy söweşijileri we graždan adamlary ewakuasiýa etmek işi planlaşdyrylan wagtyndan gijä galdy.
Ylalaşylan ýere hökümet awtobuslarynyň onlarçasy geldi, emma entek olaryň hiç biri bu ýerden gaýtmady diýip, habarlarda aýdylýar.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Siriýanyň hökümet güýçleriniň we beýleki toparlaryň Türkiýe hem Orsýet tarapyndan araçylyk edilen ýaraşyk ylalaşygyna päsgel bermäge çalyşýandyklaryny aýtdy.
Şeýle-de ol 14-nji dekabrda giçlik rus we eýranly kärdeşleri bilen gepleşjekdigini habar berdi.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow özüniň Aleppodaky pitneçi garşylygynyň «gelýän iki-üç günde soňlanmagyna» garaşýandygyny aýtdy.
Şu aralykda siriýaly aktiwistler şäheriň pitneçileriň elindäki ýerleriniň gaýtadan topa tutulyp başlanandygyny aýtdylar.