Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky KGB ofiserleri neşe gaçakçylygynda aýyplandy


Belarus, neşe aýyplamasynda türmä basylanlaryň ene-atlary, 2015
Belarus, neşe aýyplamasynda türmä basylanlaryň ene-atlary, 2015

Belarus KGB-siniň, Döwlet howpsuzlyk komitetiniň ozalky iki ofiseri 13-nji dekabrda, 17 adamyň arasynda, neşe aýyplamalary esasynda türme tussaglygyna höküm edildi.

Minsk şäher sudy ozalky KGB ofiserleri Dzmitry Weratsenski bilen Ihar Karytskini, degişlilikde, 15 we 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ozalky polisiýa ofiseri Kanstantsin Dzenisewiç hem 14 ýyl aldy.

Bularyň üçüsi hemneşe gaçakçylygynda we satmakda, şeýle-de bikanun telekeçilikde günäli tapyldy.

Ozalky sowet respublikasynda iň uly neşe halkasyna ýolbaşçylyk eden Kanstantsin Wilyuha bolsa, jenaýatçylykly topary döredendigi we işledendigi üçin, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Beýleki 13 tussag, şol sanda iki sany aýal, 2 ýyldan 18 ýyla çenli aralykda türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG