Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawy ýerine ýetirildi


Türkmenistan howa kärhanasynyň uçary.
Türkmenistan howa kärhanasynyň uçary.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçary Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi.

15-nji dekabrda türkmen mediasynda berlen maglumata görä, Türkmen howaýollary döwlet milli gullugynyň Türkmenistan howa kärhanasynyň uçary bilen Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň çarşenbe we ýekşenbe günleri uçup bolar.

Habarda aýdylmagyna görä, täze ýolagçy gatnawynyň açylmagy bilen baglanyşykly Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazanyň halkara aeroportynda dabara geçirildi.

XS
SM
MD
LG