Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly toparlar: Russiýa Siriýada uruş jenaýatlaryna gatnaşdy


Siriýanyň hökümete tarapdar güýçleri.

Siriýanyň dört guramasy Russiýany Siriýada uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda ýa-da oňa gatnaşmakda aýyplaýar. Bu guramalar Russiýanyň Aleppo sebitinde amala aşyran howa zarbalarynda parahat ýaşaýjylardan 1,207 adamyň ölendigini, olaryň 380 sanysynyň çagadygyny belleýärler.

Siriýadaky ýagdaýlary derňeýän Garaşsyz Halkara Komissiýa ugradylan hatda gürrüňi edilýän toparlar şu ýylyň iýul we dekabr aýlary aralygynda Aleppoda amala aşyrylandygy aýdylýan 304 hüjümi agzaýarlar.

15-nji dekabrda habar agentliklerine ugradylan hatda “deliller Russiýanyň Siriýada uruş jenaýatlaryny amala aşyrandygyny ýa-da oňa gatnaşandygyny anyk görkezýär” diýilýär.

Bu hata “Siriýanyň parahat ýaşaýjylary goraýan” gözleg we halas ediş topary, Siriýanyň Adam hukuklary ulgamy, Garaşsyz lukmanlar assosiasiýasy we Ýowuzlyklary dokumentleşdirýän merkez dagy gol goýdy.

Moskwa özüniň Aleppodaky hüjümlerini oktýabr aýynyň ortasyna duruzandygyny aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG