Aşgabatda awtoýuwalgalaryň hödürleýän hyzmatlarynyň soňky alty aýyň dowamynda dört-bäş esse gymmatlandygy habar berilýär. Aýdylmagyna görä, mundan ozal adamlar bir awtoulagy ýuwdurmak üçin 50 manat tölän bolsa, indi bu hyzmat 200-250 manada ýetdi.
Munuň netijesinde ýaşaýjylaryň 20-30 metr uzynlygyndaky şlanga, turbalary satyn alyp, öz awtoulaglaryny köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň öňünde ýuwýandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bu barada jikme-jik maglumat almak üçin Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.