Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama hakerler meselesinde Putine 'bes et' diýendigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ortada)

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen açyk gepleşendigini we orsýetli hakerleriň ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanyşmagy meselesine gezek gelende muny “bes et" diýendigini aýtdy.

Barak Obamanyň 16-njy dekabrda Ak Tamda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtmagyna görä, ol Putin bilen bu meseläni sentýabrda Hytaýda “Uly-20” guramasynyň sammitiniň çäginde gozgapdyr.

Sammitiň öňüsyrasynda ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň görkezmesi esasynda orsýetli hakerleriň ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň Milli komitetiniň we Hillari Klintonyň saýlaw kampaniýasynyň başlygy Jon Podestanyň elektron hatlarynyň mazmunyny köpçülige paş edendiklerini habar beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG