Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Siriýa gepleşiklerini Astanada geçirmegi teklip eýär


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, rus prezidenti Wladimir Putiniň planlarynyň bir bölegi hökmünde, Astanada Siriýa konfliktiniň uruşýan taraplarynyň arasynda täze parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi teklip etdi.

Nazarbaýewiň metbugat gullugynyň 17-nji dekabrdaky beýanatyna görä, Nazarbaýew telefon gürrüňinde Putine we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogana özüniň gazak paýtagty Astanada gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýdypdyr.

Putin bir gün ozal, Ýaponiýa sapary mahalynda özüniň Erdogan bilen Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyňhökümeti bilen oppozisiýanyň arasynda täze parahatçylyk gepleşiklerini gurnamak üstünde işleýändigini aýdypdy.

Putin bu gepleşikleriň Astanada geçirilip bilinjekdigini hem sözüne goşupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG