Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Howpsuzlyk geňeşi Aleppoda ewakuasiýa gözegçiligini teklip edýär


Aleppo, ewakuasiýa edilýän siriýalylar. 16-njy dekabr, 2016.
Aleppo, ewakuasiýa edilýän siriýalylar. 16-njy dekabr, 2016.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 18-nji dekabrda Fransiýa tarapyndan teklip edilen rezolýusiýany sese goýýar.

Bu taslama Siriýanyň Aleppo şäheriniň gabawdaky ýerlerinde ewakuasiýa işleriniň geçirilişine gözegçi iberilmegini teklip edýär.

Planlaşdyrylýan ses berişlik, habarlara görä, gündogar Aleppoda we ýaragly oppozisiýa tarapyndan gabalan iki obada galan asuda adamlara we gozgalaňçy söweşijilere azat geçelge bermek barada gepleşik geçirilýän wagtynda, täze ylalaşyk hökmünde peýda boldy.

Howpsuzlyk geňeşiniň taslama teklip barada karar etmeli ýygnagy, weto hukugyna eýe bolan we uruşda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýan Russiýanyň garşylygyna garamazdan,18-nji dekabr güni irden geçirilmeli edildi.

Taslama rezolýusiýada BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mundan Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýerdäkiynsanperwerçilik işgärleriniň, Alepponyň gabalan ýerlerindäki ewakuasiýa işlerine, graždan adamlaryň goragynyň üpjün edilmegine bitarap gözegçilik edip, habar berip durmagy üçin, gaýtadan ýerleşdirilmegi soralýar.

Şeýle-de bu teklip asuda adamlaryň ählisiniň Aleppodan BMG-niň gözegçiligindäki ýerlere meýletin, howpsuz we mertebeli geçişiniň üpjün edilmegini gazanmaga çalşar.

XS
SM
MD
LG