Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: Býujet işgärleri we studentler bilet almaga mejbur edilýär


Aşgabatda geçirilen konsert dabaralarynyň biri.

Aşgabatda Täze Ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän konsertlere ýa-da çärelere studentleriň we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň mejbury gatnaşdyrylýandygy, olardan bu dabaralar üçin biletleri satyn almak talap edilýändigi habar berilýär.

Bu biletleriň bahasynyň bolsa, 100 bilen 200 manat aralygyndadygy, ony satyn alyp konsertlere tomaşa etmäge her bir işgäriň maddy ýagdaýynyň ýetmeýändigi aýdylýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowanyň berjek maglumatlaryny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Aşgabat: Döwlet işgärleri, studentler bilet almaga mejbur edilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:09 0:00

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň demrigazyk welaýaty Daşogzuň Köneürgenç şäherinden gelip gowuşýan maglumatlara görä, şu günler Täze Ýyl baýramçylygyna ediljek harajatlar üçin mekdep okuwçylaryndan pul ýygnalýar.

Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleriniň ýerli ýaşaýjylara salgylanyp aýtmaklaryna görä, her okuwçydan ýygnalýan 100-200 manat ilatyň maşgala býujetine ýaramaz täsir ýetirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG