Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Beden üçin lasýony içip 33 adam öldi; 2 adam tussag edildi


Russiýada beden üçin lasýony içip 33 adam öldi; 2 adam tussag edildi.
Russiýada beden üçin lasýony içip 33 adam öldi; 2 adam tussag edildi.

Russiýanyň häkimiýetleri soňky birnäçe günüň dowamynda ýurduň Sibir sebitinde azyndan 33 adamyň beden üçin niýetlenen lasýony içenden soň aradan çykandygyny habar berýärler. Bu lasýonyň düzüminde metilli spirt ýa-da metanol maddasy bardy.

Russiýanyň Federal derňew komitetiniň 19-njy dekabrda beren maglumatyna görä, “Boýaryşnik” diýlip atlandyrylýan lasýonyň daşynda onuň içerki zerurlyklar üçin ulanylmaly däldigi duýdurylýandygyna garamazdan, ony içip Irkutsk şäheriniň Lenin etrabynyň onlarça ýaşaýjysy zäherlendi.

Bu komitetiň beýanatynda 42 adamyň keselhana ýerleşdirilendigi we olaryň 25 sanysynyň aradan çykandygy mälim edilýär. Mundan bir salym soň, bu komitetiň Irkutskdäki ýerli bölümi ölen adamlaryň sanynyň 33-e ýetendigini aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu wakany “gowy ünsi talap edýän aýylganç betbagtçylyk” diýip häsiýetlendirdi we bu barada prezident Wladimir Putiniň habarly edilendigini aýtdy.

Russiýanyň Federal derňew komiteti gürrüňi edilýän lasýony satmakda iki adamyň tussag edilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG