Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ilkinji “Airbus” uçarynyň ýanwarda gelmegine garaşýar


"Airbus A321" uçary.

Eýran “Airbus” kompaniýasy bilen gelnen milliardlarça dollarlyk ylalaşyga laýyklykda, öňümizdäki aý 100 uçaryň ilkinjileriniň gelmegine garaşýar diýip, Eýranyň resmisi aýdýar.

Eýranyň şäheri we ýollary ösdürmek ministriniň orunbasary Asgar Fahrieh Kaşan “Reuters” habar agentligine beren interwýusynda “Airbus” bilen gepleşikleriň tamamlanandygyny we ylalaşyga 20-nji we 21-nji dekabr aralygynda gol goýulmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Gün tertibine görä, “Airbus A321” kysymly birinji uçaryň Birleşen Ştatlaryň prezidentligine saýlanan Donald Trampyň 20-nji ýanwarda geçiriljek kasam ediş dabarasyndan öň Eýrana gelmegine garaşylýar.

Tramp Eýranyň dawaly ýadro programmasyny jylawlap, oňa garşy girizilen sanksiýalary gowşatmak barada geçen ýyl Tahran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty döwletiniň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyna garşylyk görkezipdi.

Şol bir wagtda, “Airbus” kompaniýasy Eýranyň milli howaýollary edarasy bilen gürrüňi edilýän ylalaşygy heniz hem maslahat edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG