Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmen telewideniýesinde many-mazmun ýok”


Daşary ýurt telekanalyna tomaşa edýän ýaşaýjylar.
Daşary ýurt telekanalyna tomaşa edýän ýaşaýjylar.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti ýurduň milli telewideniýesiniň işine nägilelik bildirdi.

Şonda Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertleriniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmänligi üçin” Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gülşat Mämmedowa Sahyýewna, medeniýet ministri Annageldi Garajaýewe hem-de Telewideniýe-radio gepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Maksat Altaýew Ataýewiçe käýinç yglan etdi.

Türkmen lideri ýurduň döwlet telewideniýesiniň işini wagtal-wagtal tankyt edýär. Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurtdaky tele-radio gepleşikleriň hiliniň gowulanmaýandygy aýdylýar.

Bu barada Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden özüni Gülsoltan diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

“Türkmen telewideniýesinde many-mazmun ýok”
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:26 0:00

XS
SM
MD
LG