Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe rus ilçisiniň öldürilmeginde Güleni günäkärleýär


Türkiýe, Erdoganyň goldawçysy ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethulla Güleniň suratyny basgylaýar. 18-nji iýul, 2016
Türkiýe, Erdoganyň goldawçysy ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethulla Güleniň suratyny basgylaýar. 18-nji iýul, 2016

Türkiýe Birleşen Ştatlara Ankarada rus ilçisiniň janyna kast edilmeginiň arkasynda Amerikada ýaşaýan musulman ruhanysy Fethulla Gülene eýerijileriň durandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki «Anadolu» habar gullugy 20-nji dekabrda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglunyň ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerrä telefon gürrüňçiliginde «Türkiýe we Orsýet ilçi Andreý Karlowy öldüren hüjümiň arkasynda[Güleniň guramasynyň] durandygyny bilýär» diýendigini habar berdi.

Türkiýe, iýulda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogana garşy başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen baglylykda, Birleşen Ştatlaryň Pensilwaniýa ştatynda bosgunlykda ýaşaýan Güleniň ekstradisiýa edilmegini talap etdi.

ABŞ-nyň Adalat departamenti, bu talaby ýerine ýetirmezden öň, Güleni aýyplamak üçin ynandyryjy subutnamany görmek isleýändigini aýtdy. Ankara muňa gahar etdi.

Birleşen Ştatlaryň ekstradisiýa talabyna jogap bermekdäki haýal-ýagallygy sebäpli, käbir türk resmileri soňky günler onuň Karlowyň janyna kast edilmegini goldandygyny öňe sürdi we bu ýagdaý Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbiniň 20-nji dekabrda beren berk gaýtawulyna sebäp boldy.

Kirbi Kerriniň, jenap Güleniň Birleşen Ştatlarda ýaşaýanlygy üçin, düýnki akyla sygmajak kast ediş bilen baglylykda, Amerikanyň oňa gatnaşygy, sessiz ýa başga bir görnüşde goldawy barada «Türkiýeden çykýan ritorika sebäpli aladalaryny bildirendigini»aýtdy.

"Bu gülkünç, düýpden heňe gelmeýän zat, bu aýdylýan zadyň hakykata hiç bir ilteşigi ýok" diýip, Kirbi aýtdy.

"Döwlet sekretary muny şu gün daşary işler ministri bilen eden gürrüňinde örän açyk edip aýtdy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biziň, gyssanmaç netije çykarmazdan öň, derňewçileriň öz işlerini etmegine we faktlaryň we subutnamalaryň tapylmagyna ýol bermegimiz gerek» diýip, Kirbi aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Kerri Türkiýä bu kast edişi derňemek boýunça ABŞ-nyň kömegini teklip edipdir. Emma muňa garamazdan, Ankara bu işi rus häkimiýetleri bilen bilelikde derňejekdigini, Moskwanyň 20-nji dekabrda Türkiýä 20 çemesi derňewçi iberendigini aýdypdyr.

Dinler arasyndaky dialogy wagyz edýän Gülen Karlowyň "elhenç terror hüjümi" netijesinde öldürilmegini ýazgaryp çykyş etdi, oňa eýerijiler we guramalar mekdeplere we sahawatlyk işlerine howandarlyk bilen tanalýar.

Rus ilçisi 19-njy dekabrda Stambulda, sungat sergisi mahalynda türk polisiýa işgäri tarapyndan dokuz gezek atylyp öldürildi.

Mewlut Mert Altyntaş diýlip tanadylan polisiýa işgäri soň polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi. Türk häkimiýetleri, bu ganhorluk bilen baglylykda, Altyntaşyň alty garyndaşyny tussag etdi.

Altyntaä rus ilçisini öldürmezinden öň «Aleppony unutma» diýdi we dürli yslamçy şygarlara gygyrdy.

XS
SM
MD
LG