Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe orsýet ilçisini öldürmekde Guleni aýyplaýar


ABŞ-da ýaşaýan dinçi Fethulla Gulen

Türkiýe Orsýetiň Ankaradaky ilçisiniň janyna kast edilmegine ABŞ-da ýaşaýan dinçi Fethulla Guleniň tarapdarlarynyň günäkärdigine ynanýandygy barada Birleşen Ştatlary habarly etdi.

Türkiýäniň döwlet gözegçiligindäki Anadolu agentliginiň 20-nji dekabrda habar bermegine görä, daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu “Türkiýäniň we Orsýetiň hüjümiň aňrysynda Guleniň guramasynyň durandygyny bilýändigini” ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde aýdypdyr.

Muňa garamazdan, 21-nji dekabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili ilçiniň “öldürilmeginiň aňrysynda kimiň durandygy derňew esasynda tassyklanýança netije çykarmaga howlukmaly däl” diýdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu çykyşynda Türkiýäniň we Orsýetiň häkimiýetleriniň geçirýän derňewlerine salgylandy.

Türkiýe Birleşen Ştatlarda meýletin sürgünlikde ýaşaýan Fethulla Guleniň berilmegini talap edýär we ony iýul aýynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogany agdarmak boýunça başa barmadyk synanyşygy gurnamakda aýyplaýar.

Ankara ABŞ-nyň Adalat departamentiniň Guleni ekstradisiýa etmekden ýüz öwürmegine gahar-gazap bildirdi. Türkiýe Guleniň harby agdarylyşyk synanyşygyny gurnamaga gatnaşandygyny tassyklaýan subutnamalarynyň bardygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG