Türkiýäniň gündogaryndaky Kars şäherinde ýerleşýän Kawkaz uniwersitetinde okaýan türkmen studentleriň ýaşaýan jaýynda ýangyn döredi we 1 türkmen studenti tüsseden zäherlendi.
Türk metbugatynda ýaýran habarlarda aýdylşyna görä, Kars şäheriniň Bülbül mähellesiniň Son ewler diýen ýerinde, 4 gatly jaýyň 1-nji mertebesinde türkmenistanly studentleriň ýaşaýan ýerinde nämälim sebäpden ýangyn döreýär. Ýangyn dörän mahaly jaýyň içinde bolan Himiýa bölüminde okaýan türkmen studenti Döwletmyrat Ballyýew tüsseden zäherlenýär. Goňşularynyň kömegi bilen ýangynly jaýdan çykarylan Ballyýewe çal içirýärler.
Gysga wagtyň içinde ýangynyň tutuş jaýy gurşap almagy sebäpli ýaşaýjylaryň hemmesi öýünden daşaryk çykarylýar. Ýangyn söndürýän gullugyň işgärleriniň gelmegi bilen gysga wagtda oduň öňi alynýar. Ondan soň wakanyň bolan ýerine gelen tiz kömegiň işgärleri türkmen studenti Ballyýewe saglyk kömegini berýärler.
Metbugatda aýan edilmegine görä, ýangynda tüsseden zäherlenen türkmen studenti Döwletmyrat Ballyýewiň ýagdaýynyň gowudygy bildirilýär.
Ýöne Azatlyk Radiosyna degişli taraplardan türkmen studenti Ballyýewiň we onuň bilen bir jaýda ýaşaýan beýleki türkmen studentleriň ykbaly barasynda jikme-jik hem giňişleýin maglumat almak başartmady.
Ýatlap geçsek, Türkiýe türkmenistanly studentleriň köpçülikleýin bilim alýan ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýedäki türkmen studentleriniň belli bölegi Türkmenistan döwletiniň hasabyna okaýanam bolsa, aglaba köpçüligiň öz hasabyna okaýandygy aýdylýar. Şonuň ýaly-da, Türkiýede okaýan türkmen studentleriniň arasynda owal wizasyz bolup, soň kanuny günägeçişlikden peýdalanyp, ýurtda student statusy bilen galmagy dowam etdirýän zähmet migrantlary hem bar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.