Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalisti galp söhbetdeşlik galmagalyndan soň işden çekildi


Pozner bu söhbetdeşligiň hiç haçan bolmandygyny aýtdy.

Gazagystanyň tanymal telewideniýe žurnalisti, geçen hepde bir galplaşdyrylan söhbetdeşligi efire bereninden soň, döwlet eýeçiligindäki telekanaldan işden çekildi.

«Birinji Ýewraziýa kanalynyň» žurnalisti Ruslan Smykow17-nji dekabrda efire berlen söhbetdeşlikden soň, «ýolbaşçylar bilen pikiriniň gabat gelmezligine» salgylanyp, işden çykmak barada arza berdi diýip, onuň işdeş ýoldaşlary 20-nji dekabrda aýtdy.

Smykow geçen hepde «Birinji Ýewraziýa kanalynyň» başga bir žurnalisti Aýmira Şaukentaýewanyň rus žurnalisti Wladimir Pozneriň meşhur gepleşiginde interwýu berşini efire berdi.

Pozner 19-njy dekabrda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna bu hili söhbetdeşligiň hiç haçan bolmandygyny aýtdy we beýle galplygyň «aňrybaş samsyklykdygyny» öňe sürdi.

Gazak telekanalynyň redkollegiýasy soň bu söhbetdeşligiň degişme bolandygyny aýtdy. Gazagystanyň informasiýa ministri Dawran Abaýew bu degişmäniň «örän gelşiksiz degişme» bolandygyny öňe sürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG