Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek Eýranyň ŞHG-nyň doly agzalygyna kabul edilmegini goldaýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (çepde) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew. Bişkek. 23-nji dekabr, 2016 ý.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (çepde) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew. Bişkek. 23-nji dekabr, 2016 ý.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew öz ýurdunyň Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) doly agzalygyna kabul edilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Atambaýew bu barada anna güni Bişkekda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar: Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistandyr. Eýranyň bolsa synçy statusy bar.

Tähran 2008-nji ýylyň martynda ŞHG doly agza bolmak üçin ýüz tutupdy. Emma, şol döwür Eýrana, onuň ýadro programmasy sebäpli, BMG-niň girizen sanksiýalary üçin, Tähranyň haýyşy inkär edildi.

XS
SM
MD
LG