Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew sapara gelen Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrisow bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary maslahat etdi.
Özbek prezidentiniň metbugat merkeziniň beren maglumatyna görä, anna güni geçirilen gepleşikleriň dowamynda ýurtlaryň söwda, ykdysadyýet, transport we aragatnaşyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy barada pikir alyşylypdyr.
Beýanatda halkara we regional meseleleriň hem maslahat edilendigi aýdylýar.
Penşenbe güni Daşkende gelen Idrisow özüniň özbek kärdeşi Adbulaziz Kamilow bilen hem duşuşdy.
Mirziýaýew 4-nji dekabrda Özbegistanyň prezidentligine saýlanypdy. Ol ýurduň ozalky baştutany Yslam Kerimow sentýabrda ýogalandan soň wagtlaýyn prezident bolupdy.
Mirziýaýew goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary gowulandyrmak we birnäçe döwletiň raýatlarynyň wizasyz ýurda girip bilmegi ugrunda käbir ädimleri edipdi.