Lebap welaýatynda Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän etraplaryň, esasanda, Hojambazyň ýaşaýjylarynyň suwuň joşmagyndan kösenýändigi habar berilýär. Käbir aýlarda derýanyň joşmagy netijesinde pagta, gowaça ýaly ekin meýdanlaryny suw basýandygy aýdylýar.
Lebap welaýatyndan kärendeçi Ogulşat daýza Amyderýanyň joşgununyň öňüni almak üçin döwlet tarapyndan ýeterlik derejede çäre görülmeýändigini, şol sebäpli özleriniň hemişe diýen ýaly gorkuda ýaşaýandygyny aýdýar.
Ogulşat daýza bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.