Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada baýramçylyklardan öň ýaraşyk baglaşylýar 


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrain hökümeti bilen Orsýetiň goldawyndaky separatistler golaýda gündogar Ukrainada 24-nji dekabrda, ýarygijeden başlap, "möhletsiz" ýaraşyk baglaşmak barada ylalaşyga geldiler.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bu ylalaşyga 21-nji dekabrda gelnendigini aýtdy. Iki tarapyň arasynda mundan öň hem dokuz ýaraşyk baglaşylypdy we soň ok atmagy bes etmek ylalyşyklary bozulypdy.

"Men Täze ýyl we Kristmas baýramçylyklarynyň öňünden görlen çäreler arkaly, gündogar Ukrainada gazanylan şu gezekki ýaraşygyň uzagyndan bolmagyna garaşýaryn" diýip, Poroşenko aýtdy.

Prowaslaw Kristmasy 7-nji ýanwarda bellenilýär. Separatistleriň öz-özlerini jar eden liderleri hem bu ýaraşygyň golaýda Donbas sebitinde turan gazaply gapma-garşylyklardan soň umyt beriji alamat bolandygyny aýtdylar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun we Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier hem bu ýaraşygy gutlady.

Bu iki tarap geçen ýylyň baýramçylyklaryndan öňem şeýle ýaraşyk baglaşypdy.

XS
SM
MD
LG