Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident "türgenleri ylmy esasda taýýarlamaly" diýýär


Sport çäresine gatnaşýan çagalar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem berkitmegiň zerurdygyny aýdýar.

Türkmen prezidenti anna güni geçiren hökümet maslahatynda wise-premýerler S.Toýlyýewe hem-de Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, Sport we syýahatçylyk institutynyň täze fakultetlerini döretmek we olaryň binalarynyň gurmak üçin halkara tender yglan etmegi buýurdy diýip, Türkmen TW-si habar berýär.

Prezidentiň sözlerinde görä, «bu ýerde esasy maksat geljekde olimpia derejesindäki ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin ukyply türgenleri ýüze çykarmakdan we olary ylmy esasda taýýarlamak boýunça zerur işleri alyp barmakdan» ybarat.

«Siz bu fakultetleriň düzgünnamasynyň taslamasyny taýýarlamaly we geljekki hökümet maslahatynyň mejlislerinde hasabatyňyzy bermeli» diýip, prezident aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary Türkmenistanyň türgenleriniň 2016-njy ýyldaky Rio oýunlarynda ýeterlik derejede gowy netijeleri görkezmändigini aýdyp, bu ýagdaýyň şonda türkmen liderini örän nägile edendigini ýatladýar.

Azatlyk radiosynyň hem ýazyşy ýaly, prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 26-njy awgustda geçirilen mejlisinde çykyş edip, millisporty ösdürmek üçin dünýäde türkmen döwleti ýaly kän serişde sarp edýän döwletiň ýokdugyny aýdypdy.

Şeýle-de, şondan öňki Olimpiadalardan soň bolşy ýaly, Türkmenistanyň sport resmilerine ilki käýinç, soň işden boşatmak çäreleri görlüpdi.

Täze sport fakultetleri diýilýänler we olaryň binalary üçin döwletiň nähili möçberde serişde goýberjekdigi aýdylmaýar. Ýöne Aşgabatda indiki ýylyň sentýabrynda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin gurlan Olimpia şäherçesiniň gurluşygyna 5 milliard dollar döwlet serişdesiniň harçlanandygy aýdylýar.

Şeýle-de Türkmenistanda, prezidentiň talaby boýunça, öňde duran Aziýa oýunlaryndan öň golf meýdançalary gurlup, ulanmaga berler. Emma bu proýektleriň hem döwlet gaznasyna näçä düşjekdigi barada maglumat berilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG