Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan aýdymçysy Jorj Maýkl 53 ýaşynda aradan çykdy


Britaniýanyň estrada aýdymçysy Jorj Maýkl (George Michael)
Britaniýanyň estrada aýdymçysy Jorj Maýkl (George Michael)

Britaniýanyň estrada aýdymçysy Jorj Maýkl (George Michael) Angliýanyň Oksfordşir sebitindäki öýünde 53 ýaşynda aradan çykdy diýip, onuň publisisti Cindi Berger aýdýar.

BBC korporasiýasynyň Bergere salgylanyp berýän maglumatyna görä, 25-nji dekabrda Maýkl “öz öýünde asuda aradan çykypdyr”. Berger aýdymçy aradan çykmazdan ozal näsag däldi diýdi.

Maýklyň menejeri, ýagny iş dolandyryjysy Michael Lippmanyň aýtmagyna görä, aýdymçynyň ölümine ýürek näsazlyklary sebäp boldy.

Polisiýa Maýklyň ölüminiň aňyrsynda şübheli ýagdaýlaryň ýokdugyny aýtdy.

Tutuş dünýäde britan estrada aýdymçysynyň albomynyň jemi 100 milliondan gowrak nusgasy satylypdy. Şeýle-de, 2008-nji ýylda “Billboard” žurnaly aýdymçyny özüniň “Ähli zamanlaryň iň gowy 100 artisti” atly sanawynda 40-njy orunda ýerleşdiripdi.

1981-1986-njy ýyllarda “Wham” aýdym-saz toparynyň agzasy hökmünde Maýkl birnäçe tanymal aýdymlary döretdi. Olaryň arasynda 1984-nji ýylda köpçülige hödürlenen “Last Christmas” aýdymy hem bar.

Jorj Maýklyň “Faith” atly ilkinji solo albomy 1987-nji ýylda köpçülige hödürlenipdi we bu albom “Grammy” baýraklarynda “ýylyň iň gowy albomy” adyna mynasyp bolupdy.

XS
SM
MD
LG