Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe ‘YD-ny’ Siriýada 30 sany parahat ýaşaýjyny öldürmekde aýyplaýar


Türkiýe ‘YD-ny’ Siriýada 30 sany parahat ýaşaýjyny öldürmekde aýyplaýar.

Türkiýäniň armiýasy “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerini Siriýanyň Al-Bab şäherçesinde parahat ilatdan azyndan 30 adamy öldürmekde aýyplady. Ankara we onuň pitneçi ýaranlary gürrüňi edilýän şäherçäni indi birnäçe hepde bäri ele geçirmäge synanyşarlar.

Parahat ýaşaýjylar Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän şäherçeden gaçmaga synanyşan mahaly, minalar we öýde ýasalan bombalar esasynda öldürildiler diýip, 25-nji dekabrda döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi aýtdy.

“Ýewfrat galkany” operasiýasynyň çäginde Türkiýäniň harbylary tarapyndan goldanylýan siriýaly pitneçiler “Yslam döwleti” atly toparyň kontrollygyndaky ýerleri ele salmaga synanyşýarlar. Türkiýe “Ýewfrat galkany” atly operasiýany mundan dört aý ozal başladypdy.

24-nji awgustda Ankara Türkiýe tarapyndan goldanylýan siriýaly oppozision güýçlere goldaw bermek we serhet territoriýalaryny “YD” jeňçilerinden arassalamak maksady bilen öz guryýer güýçlerini ugradypdy.

“Ýewfrat galkany” atly operasiýanyň çäginde şu güne çenli 36 sany türk esgeri heläk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG