Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Ýykylan harby uçara degişli gara guty tapyldy


Orsýetliler Gara deňziň kenarynda gülleri goýdular.
Orsýetliler Gara deňziň kenarynda gülleri goýdular.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Gara deňziniň kenaryndaky Soçi şäheriniň golaýynda ýykylan harby ýolagçy uçarynyň kabina maglumatlaryny özünde saklaýan esasy gara gutunyň tapylandygyny aýdýar.

Ministrligiň metbugat gullugynyň 27-nji dekabrda beren maglumatyna görä, gara guta zeper ýetmändir we ol derňew edilmek üçin Moskwa regionyndaky Howa güýçleriniň merkezi barlag edarasyna ugradylar diýip, “Interfax” habar agentligi ýazýar.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň “Tupolew Tu-154” kysymly uçary 25-nji dekabrda Siriýa uçmak üçin Soçiniň günortasyndaky etrap şäheri Adleriň aeportyndan asmana galanyndan kän wagt geçmänkä ýere ýykyldy. Şonda uçaryň bortunda Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň resmi horunyň, tanymal Aleksandrow ansamblynyň 64 agzasy bardy.

Heläkçiligiň netijesinde uçardaky 92 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi öldi.

Orsýet, Adler, Soçi, Gara deňiz kartasy
Orsýet, Adler, Soçi, Gara deňiz kartasy

Russiýanyň Goranmak ministrligi uçaryň kabinasyndaky maglumatlary özünde jemleýän gara gutynyň kenarýaka liniýasyndan 1,600 metr çemesi uzaklykda tapylandygyny aýtdy.

27-nji dekabrda resmiler uçaryň galyndylarynyň tapylan territoriýalarynda geçirilýän gözleg işleriniň çäginde 12 jesediň we 150-den gowrak jesediň bölekleriniň tapylandygyny mälim etdiler.

Uçaryň heläkçilige uçramagynyň sebäplerini anyklamak dogrusynda gözleg işleri dowam edýän mahaly, 26-njy dekabrda Russiýada milli ýas güni yglan edilipdi.

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy henize çenli uçaryň ýykylmagynyň “terrorçylykly akt bolmagynyň ähtimallygyny görkezýän alamatlaryň we faktlaryň” ýokdugyny aýtdy.

Moskwada adamlar ansamblyň köplenç çykyş edýän ýeri Moskwanyň konsert zalynyň öňünde gülleri goýup, şemleri ýakdylar.

XS
SM
MD
LG