Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan kanun çykaryjysy hüjümde ýaralandy


Howpsuzlyk güýçleri bombaly hüjümiň bolan ýerini barlaýarlar, Kabul, 28-nji dekabr, 2016.
Howpsuzlyk güýçleri bombaly hüjümiň bolan ýerini barlaýarlar, Kabul, 28-nji dekabr, 2016.

Owganystanyň paýtagty Kabulda bolan bomba partlamasynda azyndan üç adamyň, şol sanda parlament agzasynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Içeri işler ministrliginiň orunbasarynyň metbugat-wekili Najib Danişyň 28-nji dekabrda aýtmagyna görä, ýurduň merkezi Bamiýan welaýatyndan kanun çykaryjy Fakuri Behiştiniň awtoulagyny partlatmak üçin niýetlenen bomba köprüniň aşagynda goýlupdyr.

Kabulyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Abdul Rahman Rahimi hüjümiň şäheriň Daşti Barçi etrabynda bolandygyny tassyklady.

Partlama kanun çykaryjy Behiştiniň parlamente barýan wagtynda emele geldi. Habar berlişine görä, onuň ogly hem ýaralanypdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Mundan bir hepde öň “Talybanyň” üç söweşijisi Helmand welaýatyndan parlament agzasynyň Kabuldaky öýüne hüjüm edipdi we sekiz adamy öldüripdi.

XS
SM
MD
LG