Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet: Heläkçilige uçran uçaryň 15 ýolagçysynyň jesedi tapyldy


Halas edijiler suwa gaçan uçaryň galyndylaryny barlaýarlar, Orsýetiň Adatdan daşary ministrliginiň 28-nji dekabrda ýaýradan wideosyndan pursat, 2016.

Orsýetiň häkimiýetleri 25-nji dekabrda Siriýa barýarka heläkçilige uçrap suwa gaçan harby ýolagçy uçarynda wepat bolan 15 adamlaryň jesediniň halas edijiler tarapyndan tapylandygyny aýtdylar.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň Tu-154 kysymly uçary Soçi şäherinden uçan badyna birnäçe minutdan soň ýere gaçypdy, 92 ýolagçynyň ählisi wepat bolupdy. Moskwadan uçan uçar Soçide ýangyç almak üçin durupdy.

Pidalaryň 60-dan gowragy Orsýetiň Aleksandrow adyndaky meşhur harby aýdym we tans toparynyň agzalarydy. Olar Siriýada barýan graždan urşunda prezident Başar al-Assadyň hökümetini goldaýan orsýetli harbylaryň öňünde çykyş edipdi.

Şeýle-de uçar heläkçiliginde dokuz sany tanymal orsýetli žurnalist we haýyr-sahawat işleri bilen meşhur Ýelizaweta Glinka wepat bolupdy. Uçaryň heläkçilige uçramagynyň sebäpleri entek anyklanmady, emma Orsýetiň resmileri onuň terrorçylyk bilen bagly däldigini aýdýarlar.

28-nji dekabrda döwlet habar agentligi TASS ady agzalmadyk howpsuzlyk resmilerine salgylanyp, halas edijileriň ses ýazýan gurallaryň ýerleşýän ýeri bolan uçaryň yzky böleginde gözleg işlerini geçirýändigini habar berdi.

Häkimiýetler ýene bir ses ýazgyly guralyň öň tapylandygyny we onuň Moskwanyň etegindäki harby edarada barlanýandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG