Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Gadaganlyk onlarça dükanyň ýapylmagyna getirdi


Aşgabatda mobil hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýanyň ofisinde nobata duran ýaşaýjylar.

Şu günler Aşgabatda mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satýan dükanlaryň onlarçasy ýapyldy. Dükan eýeleriniň aýtmagyna görä, muňa Türkmenistanda mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň daşary ýurtlardan getirilmegine girizilen gadaganlyk sebäp boldy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden käbir dükan eýeleriniň we mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýurda getirýän firma eýeleriniň aýtmagyna görä, soňky alty aýa golaý wagt bäri Türkmenistanyň daşyndan mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirip bolmaýar.

“Gadaganlykdan soň, bu ätiýaçlyk şaýlaryny kimiň we nädip getirip bolýandygyny düzgünleşdirýän resminamada anyk mälim edilenok. Onsoň biz indi ýurda nädip haryt getirjegimizi hem bilmeýäris. Haryt gelmeýänligi sebäpli, dükanlarymyzy ýapmaga mejbur bolýarys” diýip, mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň söwdasyny edýän aşgabatly 36 ýaşly Meretgeldi aýdýar.

“Orta biznes däl-de, kiçi biznes ejir çekýär”

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözüne görä, soňky birnäçe aýyň dowamynda paýtagtda hatardan çykan mobil telefonlary bejerýän we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satýan azyndan 20 dükan ýuwaş-ýuwaşdan öz işini duruzdy.

Şol bir wagtda, “Paýtagt” we “Älemgoşar” bazarlarynda geçirilen abatlaýyş işlerinden ozal, bu bazarlarda mobil telefonlary üçin ätiýaçlyk şaýlary satýan başga-da 10 dükan hem gaýtadan öz işini dikeldip bilmedi.

“Mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirmäge gadaganlyk girizileni sebäpli bir topar dükan öz-özünden ýapyldy. Bir topary-da edil şol söwdany edýän goňşy dükanyna öz harytlaryny juda arzan bahadan satmaly boldy. Gaty çylşyrymly ýagdaý gidýär. Bu ýerde ejir çekýän orta biznesem däl-de, hatda kiçi biznes” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew dükan eýelerine salgylanyp gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýa-da habar serişdeleri gürrüňi edilýän gadaganlyk we onuň güýje girizilmeginiň sebäpleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler. Emma bu gadaganlyk sebäpli mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň bahalarynyň hem tas iki esse diýen ýaly gymmatlandygy aýdylýar.

“Ussalar şikaýat edýärler”

25-nji dekabrda “Türkmen inisiatiwasy” neşiri hem, Türkmenistanda daşary ýurtlardan mobil telefonlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny getirmegiň gadagan edilendigi we munuň noýabr aýyndan başlap güýje girendigi barada habar berdi.

Häzirki wagtda mobil telefonlary bejerýän ussalar daşary ýurtdan displeýleri, korpuslary, mikroshemalary, şleýfleri, akkumulýatorlary we hatardan çykan ýa-da bozulan mobil telefonlary bejermek üçin zerur bolan önümleri getirip bilmeýänliginden şikaýat edýärler diýip, “Türkmen inisiatiwasy” neşiriniň habarynda nygtalýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda, ýörite rugsatnama bolmazdan, daşary ýurtlardan täze mobil telefonlary getirmek hem gadagan edilipdi.

Aşgabadyň aeroportunda ýerleşdirilen bildirişde, türkmen häkimiýetleri bu gadagançylygyň “[Türkmenistanyň] çäklerinde ulanylýan mobil telefonlary aragatnaşyk howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk getirmek maksady” bilen girizilendigini aýdypdylar.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG