Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RUSADA doping 'dildüwüşigini' ret edýär


Orsýetiň dopinge garşy agentligi RUSADA-nyň ýerine ýetiriji müdiri Anna Antseliowiç
Orsýetiň dopinge garşy agentligi RUSADA-nyň ýerine ýetiriji müdiri Anna Antseliowiç

Orsýetiň häkimiýetleri “New York Times” neşrinde Orsýetiň sport resmileriniň we sportsmenleriniň arasynda dopingiň üstüni ýaşyrmak tejribesiniň giňden ulanylýandygyny boýun almagy barada çap bolan maglumata şübhe bildirdiler we ýurduň dopinge garşy resmisiniň 28-nji dekabrda eden çykyşynyň “ýoýulyp, kontekstden bölünip alnandygyny” aýtdylar.

Orsýetiň dopinge garşy agentligi RUSADA bu beýanatyny öz ýerine ýetiriji müdiri Anna Antseliowiçiň amerikan neşri tarapyndan sitirlenmeginiň ertesi edildi. RUSADA-nyň müdiri “institusional dildüwüşigiň” bolan bolmagyny çak etdi, emma döwletiň guramaçylygy bilen bagly çaklamalary ret etdi.

“New York Times” neşrinde Antseliowiçiň we beýlekileriň interwýulary kanadaly aklawçy Riçard Maklareniň Dopinge garşy halkara agentligi (WADA) üçin taýýarlan hasabatynyň 9-njy dekabrda çap bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. Hasabatda Orsýetiň 1000-den gowrak sportsmenleriniň 30-dan gowrak sport görnüşinde 2012-nji ýylda Londondaky olimpiadada, 2014-nji ýylda Soçidäki olimpiadada we birnäçe halkara sport ýaryşynda gadagan edilen güýçlendiriji dermanlary ulanandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG