Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň ýarany Oman Saud Arabystanynyň bileleşigine goşuljagyny aýdýar


Pars aýlagynyň döwletleriniň kartasy

Eýranyň Pars aýlagy regionyndaky iň ýakyn ýarany Oman terrorçylyga garşy göreşýän Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky musulman koalisiýasyna goşulmak bilen ugruny üýtgedip biljekdigini aýtdy.

Arap habar serişdeleriniň 28-nji dekabrda aýtmagyna görä, Omanyň goranmak ministri Saud Arabystanynyň şazadasy Mohammed bin Salmana ýollan hatynda Terrorçylyga garşy yslam harby bileleşigine goşulmak kararyny yglan edipdir.

Pars aýlagynyň çeşmeleri şazadanyň geljekki hepdelerde Omana sapar edip, iki ýurduň arasynda howpsuzlyk, harby we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin saud patyşasy Salmanyň saparyna taýýarlyk görjekdigini habar berdiler.

Omanyň Eýran bilen ýakyn gatnaşyklary sebäpli onuň Saud Arabystany bilen gatnaşyklary geçmişde ýaramazlaşypdy. Eýran Saud Arabystanynyň regionda iň uly garşydaşydyr.

Sünnileriň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany we şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýran Ýakyn Gündogardaky konfliktleriň ençemesinde garşy taraplary eýeleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG