Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow we agtyklary daşary ýurt aýdym-sazyny ýerine ýetirdi


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň wideo ýazgysyndan alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň agtyklary Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabarada, daşary ýurt aýdym-sazyny ýerine ýetirdiler.

28-nji dekabrda türkmen lideri Aşgabadyň “Älem” dynç alyş merkezindäki Täze ýyl arçasyna baryp, ol ýerde ýüzlerçe çaganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara gatnaşdy.

Türkmen telewideniýesiniň çarşenbe güni beren maglumata görä, Berdimuhamedow bu ýerde “ajaýyp dabaralaryň şatlygyny paýlaşyp”, çagalar bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandy.

Soňra türkmen prezidenti ýurduň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oturdylan arçanyň ýanynda geçirilen çagalaryň Täze ýyl baýramçylyk dabarasyna gatnaşyp, çagalary we dabara gatnaşýanlaryň ählisini Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady diýlip, habarda aýdylýar.

Bu dabaranyň çäginde Berdimuhamedow sahna çykyp, dj pultunyň öňünde sazandarlyk etdi we onuň agtyklary amerikaly aýdymçy Justin Timberlakeiň “Can’t stop the feelings” atly aýdymyny ýazgyda ýerine ýetirdiler.

Türkmen mediasynyň maglumatynda bir tarapdan Berdimuhamedowyň dj pultunyň öňünde duran, agtyklarynyň bolsa aýdym aýdyp, tans edýän pursatlary görkezilse, beýleki tarapdan dabara gatnaşýan çagalaryň we adamlaryň tans edip ýa-da dik aýak üstünde olary alkyşlaýan pursatlary görkezildi.

Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli künjeklerinde çagalaryň döwrebap bilim almaklary, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary ugrunda zerur şertler döredilýändigini, welaýatlarda we paýtagtda ýörite dynç alyş merkezleriniň gurulýandygyny hem mälim etdi.

“Türkmen prezidenti ýurtda çagalaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, zehinli çagalaryň arasynda ‘Iň eýjejik gyzjagaz’, ‘Garaşsyzlygyň merjen däneleri’ ýaly bäsleşikleriň geçirilýändigini belledi” diýlip, habarda aýdylýar.

Berdimuhamedowyň näçe başarnygy bar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen lideri dürli, şol sanda gitara, pianina ýaly saz gurallaryny çalyp, djeýlik edip, aýdym-saz meýdanynda öňräkden bäri özüni görkezip gelýär. Ol ilkinji gezek 2010-njy ýylyň iýunynda Türkmenbaşyda çagalaryň arasynda akkordeon çalyp, bu ugurdaky talantyny aýan edipdi.

Mundan başga-da, şu ýylyň iýul aýynda türkmen mediasy Berdimuhamedowyň “Kalbymda sen” atly täze aýdymyny “işläp tamamlandygyny” habar beripdi. Şonda döwlet mediasy bu aýdymda türkmen prezidentiniň ýetginjeklik, ýaşlyk ýyllary hakyndaky oýlanmalary, ýatlamalary beýan edilýär diýipdi.

Geçen ýylyň noýabrynda hem, türkmen mediasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilendigi aýdylan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym – Türkmenistan” atly aýdymyň “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilendigini habar berdi.

Berdimuhamedow we aýdym-saz
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:29 0:00

2011-nji ýylyň iýunynda, Berdimuhamedow öz doglan gününde “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymy hem ýazgyda ýerine ýetiripdi. Türkmen telewideniýesinde aýdylmagyna görä, bu aýdym prezidentiň sözi we sazy esasynda döredilipdi.

Emma soň ol aýdymyň birnäçe ýyl öň, Döwlet Amanlykowyň aýtmagynda, “Toý gününde” diýen at bilen Youtube saýtynda goýlandygy belli boldy.

Prezident Berdimuhamedow aýdym-sazyň daşyndan ýazyjylyk bilen hem meşgullanýar we ol 2007-nji ýylda döwlet başyna geleni bäri Türkmenistanda onuň ady bilen 40-dan gowrak kitap çap edildi.

Teswirleri gör (13)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG