Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-nyň golaýlaýan ölüminiň bir ýamanlygy ýaşyrýan bolmagy mümkin


Yrakly esgerler "Yslam döwleti" toparynyň nokatlaryna hüjüm edýärler. OKtýabr aýy, 2016 ý.

2014-nji ýylda tutuş dünýäni gurşap alan ölüm howply iki epidemiýa baradaky habarlar boldy.

Bularyň ikisi-de agyr ejir-azap bolup gelip, özlerine galtaşan adamlaryň köpüsini heläkçilige eltdi. Dürli etraplaryň ilatlary, şeýle-de bu epidemiýalara uçran regionlara kömek üçin giden çet ýurtlulardan köp adam gyryldy. Onsoň bu keseller basym serhetlerden aşyp, şäherlere ýokaşar, möhüm çärelere howp salar diýen gorky ýaýrady. Dünýäniň paýtagtlarynda syýasatçylar we ekspertler serhetleri ýapmak ýa bu epidemiýalaryň ýaýran regionlaryndan gelýän adamlary ýurda goýbermezlik barada jedelleşip, telekanallarda dowul turuzdylar.

Epidemiýalaryň biri bolan ebola wirusynyň öňi geografiki taýdan böwetlenip, degişli enjamlar bilen jylawlandy. Mediada oňa indi uly ähmiýet berlenok. Ebola ilkinji gezek 1979-njy ýylda üsti açylaly bäri takmynan 15 müň adamyň başyna ýeten aýylganç kesel. Ýöne global derejede alanyňda, ol 1981-nji ýyldan bäri üç milliondan agdyk adamy öldüren ýa ýylda ýüz müňlerçe adamy gyrýan ysytma (malaria) ýaly weýrançylykly däl. Düşnükli edip aýdanyňda, ebola izolirlendi, onuň köki indi gurap gelýär.

Beýleki dert bolsa, käbir häsiýetleri ebola çalymdaş bolan Yslam döwletiniň ekstremistik ideologiýasy. Bularyň ikisi-de pidalary açyk we rehimsiz ýollar bilen öldürýär. Ebolanyň pidalary gan ýitirip, ölse, Yslam döwleti olary, beýleki ýollar bilen birlikde, dardan asyp, kellesini kesip ýa-da diri oda ýakyp öldürýär.

Ýöne san taýdan alanyňda, Yslam döwletiniň tutuş dünýäde öldüren adamlarynyň sany beýlekilere garanda o diýen ýokary däl. Marilend uniwersitetiniň Terrorizm we terrorizme jogap atly barlagynda çaklanmagyna görä, 2002-nji ýyl bilen 2013-nji ýyllaryň aralygynda Yslam döwleti ýa-da ygrarly beýleki terroristik toparlar tarapyndan öldürilen adamlaryň sany 33 müňden az-kem ýokary. Deňeşdirmek üçin: 2011-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli bolan döwrüň içinde Siriýada bir million adam öldürildi diýen çaklamalar bar. Yslam döwleti tarapyndan bu ýerde öldürildi diýilýänleriň sany bolsa, bu aýdylýanyň diňe ujypsyzja bölegi.

Ebola baradaky açyk çekişmeleriň öten ýyl ýok bolup gidişi ýaly, ýene sanlyja ýyldan Yslam döwleti hakda hem esasy habar neşirlerinde gürrüň bolmazlygy mümkin.

Ýöne has gynançly zat, Yslam döwletine üns berilmeginiň ondan has howply bolan, täsiri barha artyp, soňky birnäçe ýyllykda ýüz beren wakalardan aşa köp peýdalanan Al-Kaýda bilen şäriklige getirmeginiň mümkindigi.​

Fiziki döwletiň çökmegi

Yslam döwletiniň elindäki fiziki territoriýa, ýagny “dawla” ýa “döwlet” ozal Yrakda Bagdadyň edil günbataryndan, Siriýada Alepponyň edil gündogaryna çenli uzap gidýärdi. Bu region – ýerli hökümetli, salgyt toplama sistemasyna eýe, senagatly, kanun we tertip-düzgünli, serhet gözegçilikli, dürli gatlakly aňtaw gullukly we goşunly – ýarym döwlet hökmünde ekstremistler tarapyndan dolandyrylýardy.

Indi bolsa, “dawla” tutuşlygyna çökene meňzeýär.

Gündogar frontda, ýagny Yrakda bu ýurduň Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanýan şaýy ýarym harbylary, kürt peşmergasy, Yrak hökümeti, halkara harby howa güýçleriniň bir toplumy, şeýle hem Amerikanyň ýörite güýçleri Yslam döwletine zarba urýarlar. Ramadi we Fallujany ele geçiren bu ýaranlyk indi Mosula tarap ilerleýär. Yragyň bu şäheri alynsa, onda Yslam döwleti özüniň Yrakdaky baş şäherini ýitirýär. Onsoň galan - Yslam döwletiniň daşy gurşalan ownuk toparlardan ybarat jeňçileri bolýar.

Kürt peşmerga jeňçileri.
Kürt peşmerga jeňçileri.

Siriýada hem Amerikadan işjeň kömek alýan Siriýanyň goranyş güýji (SDF) Yslam döwletiniň territoriýasynyň merkezi bolan Rakka şäherine demirgazykdan hüjüme başlady. Esasan Türkiýe tarapyndan terroristik gurama diýlip hasaplanylýan kürt Halk goranyş birleşikleri (YPG) bilen hatardaş kürt güýçlerini öz içine alýan SDF geçen iki ýyllykda Yslam döwletiniň köpsanly etraplaryny öz kontrollygyna geçirdi. Ol tomus aýlarynda Ýefrat derýasyndan günbatara tarap ilerläp, Türkiýe-Siriýa serhediniň ýakasyndaky etraplary-da eýeledi.

Yslam döwletiniň Türkiýäniň günbatar serhedine aralaşmagyna sebäp bolan-da SDF-iň ilerlemegi bolsa gerek. Türk hökümetiniň YPG toparyna türk döwletine duşman diýip garamagy sebäpli, serhedi kürt toparyna aldyrmak Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan üçin kabul ederliksizdigi belli zat.15-nji iýulda Türkiýede başa barmadyk harby döwlet agdarlyşygynyň üstünden entek bir aý-da geçmänkä, Erdogan Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Şondan soňra 24-nji awgustda Türkiýäniň harby birleşikleri serhetden aşyp, Yslam döwletiniň kontrollygyndaky territoriýa girip, serhediň golaýyndaky esasy şäherleri ele saldy. Türkiýe ara goşulmadyk bolsa, bu şäherleriň SDF-iň kontrollygyna geçmegi mümkindi.

Türk harby güýçleriniň tanklary.
Türk harby güýçleriniň tanklary.

Türkiýe ilerlemegi dowam etdirýär. Oktýabrda türk ýaragly güýçleri Dagig şäherine hüjüm etdiler. Bu şäher harby taýdan möhüm bolmasa-da, Yslam döwletiniň iňlis dilinde çykýan we şol şäheriň adyny göterýän propaganda žurnaly üçin möhüm simwoliki ähmiýete eýedi. Hadys (aýdylyşyna görä, Muhammet pygamberiň käbir taglymatlaryny we eden işlerini öz içine alýan gadymy tekst), bu ýerde yslam dinine eýerýänler bilen kapyrlaryň arasynda ahyrzaman söweşi turmaly. Onsoň geosyýasatyň “ebolasyna” kyýamatyň başlanýan şäherine kontrollyk etmekden gowy simwol bolarmy? Yslam döwletiniň jeňçileri söweş etmän şäheri terk etdiler.

Indi hem bu toparyň “demir galasy” hasaplanýan Al-Bab şäheri türk güýçleri bilen Siriýanyň aram gozgalaňçylary tarapyndan gabaw astynda dur. 2013-nji ýylyň tomsunda Yslam döwletiniň eline geçmezden ozal Al-Bab Siriýanyň prezidenti Başar al-Assda garşy gönükdirilen gozgalaňyň simwoly bolup durýardy, oňa Türkiýe we Birleşen Ştatlar tarapyndan goldalýan gozgalaçylar kontrollyk ederdiler. Yslam döwletiniň günbatar çetindäki söweş hem onuň gündogar fronty bolan Mosul we Rakkadaky ýaly agyr söweş bolar. Ýöne onuň jeňçileri bu üç ýerde ýeňilmese-de, uzaga gitmez. Ol 2017-nji ýylyň aýagyndan bärde territoriýasyny ýitirer.

Ýöne bu, dogrudan, “Yslam döwleti” atly ekstremistik toparyň ýitip gitdigi bolarmy?

Keseliň ýaýbaňlanmagy

Yslam döwleti toparynyň ýetip gelýän ölümi hakda mediada näçe welilik edilse-de, şu makala ýazylanda bu barada pikiri soralan ekspertleriň hiç biri Yrakda we Siriýada Yslam döwletiniň elindäki territoriýanyň alynmagy olaryň soňuna çykyldygy bolar diýenok. Yslam döwleti – başga at alar – olar harby taýdan ýeňildi.

Maýkel Weiss bilen Hassan Hassan özleriniň “Yslam döwleti: Terror goşunynyň içi” atly kitabynda Yslam döwletiniň başlangyjyny Abu Musab al-Zarkawa çenli yzarlaýarlar. Iordaniýada doglan, asly palestinaly Zarkawy Al-Kaýdanyň lideri Osama bin Ladeniň aladaçyl ýaranydy. Döreden guramalary ýaly, bu ýolbaşçylaryň ikisi-de, radikal jihadistik ideologiýa eýerýärdiler. Al-Kaýda we Yslam döwletiniň eýerýän salafi-jihadizmi irki döwürlerinde amal edilen yslamyň arassa formasyna ymtylýarlar. Bu fundamentalistik guramalaryň maksady halyfat döredip, ýer ýüzüne yslamyň şol sap formasyny getirmek.

Osama bin Laden we Abu Musab al-Zarkawi
Osama bin Laden we Abu Musab al-Zarkawi

Ozal bin Laden bilen Zarkawynyň edişi ýaly, Al-Kaýda bilen Yslam döwleti-de özlerini yslamy duşmanlardan goramak üçin, mukaddes uruş alyp baryjylar diýip suratlandyrýarlar. Bu duşmanlar diýilýänler Sowet döwründe ýaragly güýçleri Owganystana basyp giren Orsýet we 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda (9/11) Amerikada bolan terrorçylyk hüjümlerden soňra “Talyban” režimini agdaryp, Al-Kaýdanyň ýolbaşçylarynyň awuna çykan Birleşen Ştatlar ýaly imperial döwletleri öz içine alýar.

Ýöne bin Laden bilen Zarkawynyň arasynda düýpli tapawutlar bardy. Bin Ladeni, ilkinji nobatda, gyzyklandyrýan “uzak duşmany”, çet ýurtly “basybalyjylary”, yslama uýmaýanlary, şeýle hem onuň garaýşyça, yslamyň ýurtlarynda öz harbylaryny ýerleşdiren dekadent we korrumpirlenen jemgyýetleriň agzalaryny nyşana almakdy. Zerkawy bolsa tekfiridi, onuň üns merkezinde durýan, öz garaýşyça, yslama zyýan ýetirýänlerdi. Beýleki musulmanlar-da şu topara girýärdi. Zarkawy Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyk edýän musulman hökümetlere-de ölüme laýyk “ýakyn duşman” diýip garaýardy. Onuň garaýşyça, “murtad”, ýagny yslama dönüklik edenlere garşy mukaddes uruş, ýagny jihat alnyp barylmalydy.

Has möhümi, “murtad” diňe Günbatar bilen ýaranlyk edýän musulmanlary däl, eýsem Zarkawynyň kesgitleýşiçe, arassa däl yslama amal edýänleri, şol sanda sünni dälleri-de öz içine alýardy.

Bu bolsa bin Laden üçin birnäçe sebäbe görä, kabul ederlik däldi. Birinjiden, onuň ejesi sünni däl-de, siriýaly alawidi. Netijede, dini ynanjyna görä, şaýylar arassa yslama amal edýän adamlaryň hataryna girmeseler-de, göni alada sebäp bolup durmaýardy. Ikinjiden bolsa, bin Laden has pragmatikdi. Ol bigünä musulmanlary bu prosesde öldürip, ýerli musulman hökümetleri agdarmak üçin egindeş musulmanlary toplamagyň aňsat bolmajakdygyna ynanýardy.

Bin Laden üçin has wajyp zat yslam dinine uýmaýan çet ýurtlulary yslamyň ýurtlaryndan kowup çykarmakdy. Ol öz işleri we göreldesi bilen iň soňunda yslam döwletine öwrüljek bir hereketi ýola goýmaga ymtylýardy. Muňa ýol arçamak üçin hem keseki güýçlere, ilkinji nobatda, Birleşen Ştatlara garşy durmak zerur diýip pikir edýärdi. Bin Ladeniň Al-Kaýdasynyň üns berýäni Birleşen Ştatlara öz güýçlerini Orta Gündogardan çekmelidigini terrorizm arkaly duýdurmakdy. Esasy maksat bigünä adamlary öldürmek däldi, ýöne bu iş göz öňünde tutulan maksady amala aşyrmaga kömek üçin bir metod bolup durýardy. Musulmanlaryň öldürilmegi, eger olar bin Ladeniň jihadynyň goşmaça pidalary bolup ölseler ýa amerikanlar bilen göni hyzmatdaşlyk edýän bolsalar, onda kabul ederlikdi.

Zarkawy bilen onuň döreden guramasy özleriniň ideologik taýdan arassalyk werziýalaryna, halyfaty, fiziki döwleti we ideologik saplygyň ruhy döwletini döretmäge üns berdiler. Maksat kapyrlary we sap däl musulmanlary öldürmekdi, terrorizm hem bu maksady ilerletmegiň bir metody bolup durýardy.

2002-nji ýylda Birleşen Ştatlarda Yraga çozup, Saddam Huseýni zor bilen häkimiýet başyndan aýyrmak barada çekişme gidýärkä, Zarkawy Yraga barýar. Bin Laden Birleşen Ştatlary dürli konfliktlere çekip, Owganystanda we Pakistanda öz guramasyna edilýän basyşy ýeňletmek üçin, Yraga amatly pursat diýip garaýardy. Berlen wezipe Zarkawa gerekje zatdy. Sebäbi bu onuň çuň mezhepliçik dünýägaraýşyna hasylly toprak bolup durýardy. Yragyň ýaryndan gowragy şaýylardan dursa-da, Birinji Jahan urşundan gysga wagt soňra häkimiýet başyna gelen we şondan bäri ýurda höküm sürüp gelýänler sünnilerdi. Zarkawy mezhepçilik dinamakasyndan peýdalanyp, sünniler bilen şaýylaryň arasynda birek-birege ynamsyzlyk tohumyny ekýär. Ol terroristik hüjümler bilen bu dartgynlygy ýaýbaňlandyryp, çet ýurtly basybalyjylara hem-de Saddam agdarylandan soňra häkimiýet başyna gelen ýerli şaýy hökümetine garşylyk görkezmek maksady bilen ýurduň uly regionlaryny öz kontrollygyna geçirýär.

Netije köre hasa: soňra “Yslam döwleti” atly topara öwrülen Yrakdaky Al-Kaýda (AQI) 2006-nj ýylyň aýagyna çenli ýurduň uly bölegini eýeledi. Olaryň hasaplamagyna görä, halyfat elýeterdedi, ýöne beýle bolmady. 2006-njy we 2008-nji ýyllaryň aralygynda Birleşen Ştatlar ol ýerdäki esgerleriniň sanyny artdyrdy we ýerli sünni ilaty aýaga galdyryp, bu radikal guramany ýeňlişe uçratdy. Amerikan resmileri ýurdy dargadanyň AQI-nyň radikal teologiýasy we onuň yzgytsyz metodlarydygyny sünnilere ynandyrmagy başardylar.

Şol döwürde gazaply hereketleriň derejesi görnetin aşaklap ugrady. 2006-njy ýylda asuda ilatdan ölenleriň sany aýda üç müňden ýokary bolan bolsa, 2009-njy ýylda bäş ýüz çemesi boldy. Obamanyň administrasiýasy 2009-njy ýyl bilen 2011-nji ýyllaryň aralygynda Amerikanyň söweş esgerlerini Yrakdan çykardy.

Toplanan maglumatlaryň ählisi Al-Kaýdanyň Yrakda ýeňlendigini görkezýär diýilse-de, bu gurama ýeňlenok. Ebola ýaly, ýaýramasa-da, onuň ýaýramagyna getiren şertler 2011-nji ýyl bilen 2013-nji ýyllaryň aralygynda öňkülerden güýjedi. Soňra “Yragyň we Şamyň Yslam döwleti” [DAEŞ] atly gurama serhediň edil aňyrsynda täze hasylly topragy tapdy.

Ýeterlik ölüm we propagandadan hakykat döreýär

Siriýada turan gozgalaňyň irki döwürlerinde ýurduň günbatar we günorta etraplarynda köçelere çykan protestçiler režimiň häkimiýet başyndan gitmegini däl, 40 ýyl bäri ýurda höküm sürüp gelýän Assadyň hökümetinden reforma talap etdiler.

Ondan soňra bolan zatlar tutuşlygyna dokumentleşdirildi. Polisiýa protestçilere näçe basyş etse, märeke şonça köpeldi. Soňra göz ýaşardyjy gaz, urup-ýençmeler we tutha-tutluk geldi. 2011-nji ýylyň tomsunda Assadyň howpsuzlyk apparaty protestçi märekä ot açmaga başlady, ondan az wagt soň hem Siriýanyň Homs ýaly şäherlerinde bronly harby ulaglar ulanyldy. Wagtyň geçmegi bilen, Assadyň esgerleriniň köpüsi asuda märekä ot açmakdan boýun gaçyrdy. Onsoň bu esgerleriň özüne ot açyldy. Şeýlelikde, parahatçylykly protest rewolýusiýa öwrüldi. Munuň başyny başlan protestçiler däl-de, režimi gorap saklamak üçin özlerine adamlary öldürmek buýrugy berlenler boldy.

Deslapky döwürlerde Siriýadaky wakalaryň häsiýetini kesgitlän mezhepçilik dinamakasy däldi. Dogry, ilatynyň aglaba köplügi sünnilerden durýan Siriýada kyrk ýyllap şaýy liderler hökümdarlyk etdiler. Ýöne adamlaryň Assaddan närazy bolmagynyň mezhepçilikden has aňrylara gidýän aşa köp sebäpleri bardy. Mysal üçin, 2011-nji ýylda meniň Hamada söhbetdeş bolan protestçilerim Yrakda mezhepçilik kakynyna şaýat bolandyklary üçin özleriniň ýurdy bölmegi ýa graždanlyk urşunyň turmagyna getirmegi mümkin her bir zatdan gaçýandyklaryny aýtdylar. Oppozision mezhepçilikden gaçsa, Assadyň režimi turuwbaşdan mezhepçilige ýapyşyp, onuň hökümdarlygyna garşy adamlary, kim hem bolsa, sünni terroristler diýip atlandyrdy. Aslynda bolsa protestçileriň arasynda kürtler-de, hrisianlar-da, şaýylar we druzlar-da bardy.

Ýöne bular geçmiş. Häzirki wakalar bütinleý başga zatlary aňladýar. Siriýanyň armiýasy we onuň ýaranlary geçen dört ýyllykda sünni mähelleleri ýere ýegsan edip, asuda ilaty zor bilen başga ýerlere göçürdiler. Assadyň tarapyny çalýan şaýy ýarym harbylar Homs we Hama welaýatlarynda oba ýerlerindäki sünni daýhanlary köpçülikleýin gyrdylar. Onsoň Zarkawynyň ideologiýasynyň we oňa eýerýän söweşijileriň Siriýany ýurt edinmek kararyna gelmegi geň zat däl. 2013-nji ýylyň tomsunda peýda bolan wideoda, ýaragly adamlaryň hatar-hatar bolup serhetden geçip, golaýdaky Al-Bukamala gelýänini görmek bolýar. Şondan basym soňra “Yslam döwleti” diýip atlandyrylýan topar gündogar Siriýanyň uly böleklerinde özüniň berk şerigat kanunyny girizdi. Bular mezhepçilige berk ýykgyn etse-de, Siriýada hökümetiň we Orsýetiň öldüren adamlarynyň sany olaryňkydan has ýokary. Ekstremistler Yrakdan, Eýrandan, şeýle hem Liwanyň Hisbulla söweşijileri mezhepçilik maksatlary öňe sürmek üçin Siriýa gelip goşuldylar. Ilatynyň aglaba köplügi sünnilerden durýan Türkiýe, Saud Arabystany we Katar ýaly sünni döwletler-de mezhepçilik bähbitlerine eýerip, gozgalaňçy toparlary goldadylar. Şaýylaryň agalygyndaky Eýran häzir Siriýada we Ýemende sünni Aýlag döwletleriniň garşysyna proksi urşuny alyp barýar. Siriýada we Yrakda ýerleriň zor bilen eýelenmeginiň mezhepçilikden gözbaş alýandygyny inkär etmek mümkin däl. Munuň geljek uzak ýyllaryň dowanynda oňaýsyz netijeleri bolar.

Bular ýaly mezhepçiligiň Zarkawynyň garaýyşlaryny güýçlendirmegi mümkin. Sünni ekstremistleri daşary ýurtlar, şol sanda Birleşen Ştatlar tarapyndan goldalýan şaýy musulmanlara garşy aldym-berdimli göreşiň içinde. Yslam döwletine garşy çykýan sünni gozgalaňçylary hem Eýranyň şaýy rewolýusiýa sakçylary, liwanly şaýy Hizbulla ekstremistleri, Yragyň şaýy ýarym harbylary we Orsýetiň goşuny tarapyndan goldalýan şaýy Siriýa režimine garşy çykgynsyz urşy alyp barýar. Esasan sünnilerden durýan asuda ilat bolsa iki oduň aralygynda.

Yslam döwletine özüniň halyfat diýýänini gurmagyna mümkinçilik beren käbir dinamikalar bar. Yslam döwletiniň halyfaty dargasa-da, bu dinamikalaryň hiç birinde üýtgän zat asla bolmaz.

Gürrüň Yslam döwleti barada barýar welin, ýöne dumly-duşa abanýan Al-Kaýdanyň sessiz aralaşyp gelýän howpy.

Dogry, terrorizme garşy ekspertleri we hökümet resmilerini dürli sebäplere görä, Yslam döwleti gorkuzýar. Ol doly toplum. Ilki bilen onuň Al-Kaýdanyňkydan has radikal ideologiýasy bar. Ikinjden, Yslam döwleti has giň territoriýa kontrollyk edip bilýär. Bu ýagdaý oňa kiçeňräk kwazi-döwletiň ykdysady çeşmelerinden peýdalanyp, özüniň has ulurak ambisiýalaryny güýçlendirmegine mümkinçilik berýär. Bu fiziki territoriýa nebit geçirijilere elýeterliligi we Birleşen Ştatlardan ele geçirilen ýaraglary bilen, käbir ölçeglere görä, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan öň Owganystana kontrollyk eden “Talyban” hereketinden has howply bolup durýar.

Üçünjiden, Yslam döwleti tutuş dünýäde beýleki adamlary ýa Orta Gündogara baryp özüne goşulmaga, ýa-da öz ýurtlarynda terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Emma bu Yslam döwleti ýa onuň bäsdeşi Al-Kaýda üçin bir täze zat däl. Täze zat onuň bilen raýdaşlyk edip, özüni Yslam döwletine pida etmäge meýillileriň sanynyň ýokarydygy, gazaply hereketleriň geriminiň giňdigi. Özleriniň Yslam döwleti bilen ilteşiklidigini yglan eden terroristler Birleşen Ştatlarda, Fransiýada, Belgiýada, Türkiýede, Beýik Britaniýada we başga ýerlerde dürli hüjümleri amala aşyrdylar.

Başgaça aýdanyňda, Yslam döwleti Al-Kaýdadan hem howply, hem-de täsirli. Onuň onlarça ýyl bäri ösüp gelýän salafizmiň radikal we zorlukly ösüş sepgidi bolmagy mümkin. Abu Dabide “The National” gazetiniň synçysy Hassan Hassan Yslam döwletiniň ýaňy ýakynda Palmyrada gazanan üstünligi bu toparyň çykyp gitmän aşakdan iş alyp barmak ähtimallygynyň iň gowy mysaly diýýär. “Olar dürli regionlary alana deňiç banditler ýaly iş alyp bararlar”.

Ýöne hakyky we üns berilmeýän problema häzir Yslam döwleti gurap gelýärkä, amerikan topragynda taryhda ozal bolmadyk iň aýylganç terroristik hüjüme jogapkär bolan ideologiýanyň döredijisiniň, ýagny Al-Kaýdanyň barha güýçlenýändigi. Yslam döwletine halkara derejesinde görkezilen gaýtawul Al-Kaýda görkezilmedi. Ol “Yslam döwleti” toparynyň ykbalyna uçramady.

Ebolada bolşy ýaly, Yslam döwletiniň salafi-jihadizmine ýoluganlar-da çalt ölýärler. Yslam döwletiniň yzgytsyz hereketleri köp sünnileri olardan daşlaşdyryp, beýleki mezheplere we milletlere degişli musulmanlary we musulman dälleri söweşe goşulyp, bu topary ýeňlişe sezewar ederden gorkuzýar.

Ýöne geň tarapy, Yslam döwletiniň-de yzarlaýany Al-Kaýdanyň öňe süren maksatlary. Salafizme uýmaýanlaryň köpüsi Orta Gündogara gaçyp gitdiler. Dünýäniň güýçli döwletleri regiona aralaşmakdan heder edýär. Galyberse-de, Yslam döwletiniň aşa ýokary derejeli zorlugy Al-Kaýdanyň sähelçe ýumşagrak radikal çemeleşişini kadalaşdyrdy. “Al-Kaýda – has möhümi-de salafi-jihadistik ideologiýa we hereket – gitdigiçe ýaýbaňlanmak bilen, onuň edil şu wagt iň çalt ösýän yslam akymy bolmagy mümkin” diýip, Henri Jakson jemgyýetiniň işgäri Kaýl Orton aýdýar.

Al-Kaýdanyň idelogiýasy - eboladan tapawutlylykda, ýöne AIDS ýa ysytma ýaly – aýratyn-da Siriýa ilatynyň uly bölegine ýaýrady. Al-Kaýdanyň elementleri Siriýa jemgyýetinde radikal däl elelemntleri bilen-de ýaranlyk gurdular. Mysal üçin, Aleppo gabaw astyndaka, Assadyň tarapyny çalýan koalisiýanyň – munda Orsýetiň hem oýnan roly ýok däl – amala aşyran gyrgynçylygy dünýäniň dört künjeginde habarlarda birinji orny eýeledi. Dünýäniň güýçli döwletleri Orsýetiň we Siriýanyň harby howa güýçleriniň bombalama kompaniýasyny togtatmagy başarmansoň, Al-Kaýdanyň elementleri gabawy şäheriň daşyndan böwüsmäge edilen synanyşykda uly rol oýnadylar.

Alym hem aktiwist Nasser Weddadynyň bellemegine görä, asuda ilatdan müňlerçe adam Aleppoda gabaw astynda otyrka gyrgynçylygy togtatmakda Al-Kaýda ähli töwekgelçilige döz gelmäge taýýar ýeke-täk güýç hökmünde özüni Siriýa halkyna tanatdy.

Al-Kaýda bilen ilteşikli gozgalaňçy toparlar köp siriýalylaryň nazarynda “halasgäre öwrüldiler, Günbatar hem muňa ýol berdi” diýip, Weddady aýdýar.

Ol soňra hem: “Siz, Amerika, siwilizlenen dünýä, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi – niredediňiz” diýýär.

Siriýalylar Al-Kaýda “aldananok”, ýöne olar (al-kaýdaçylary) öýüň ýanyp durka ýangyn söndüriji ýaly seniň öýüňe gelýärler. Sen olar bilen ylalaşmaýan-da bolsaň ýa olary ýigrenseň-de, olara ‘ýangyny söndürmäň’ diýmersiň. Hereketsiz galmak bilen dünýä kümüş tabaga salyp, Al-Kaýda bir sowgat berdi, adamlar kömege mätäçkä, olary goramak sowgadyny berdi” diýip, Weddady belleýär.

Atlantik geňeşiniň Orta Gündogar baradaky Rafik Hariri merkeziniň işgäri Faýsal Itany munuň bilen ylalaşýar. Ol: “Meniň pikirimçe, gury ýer güýji düzülen badyna Yslam döwleti gabalar. Biz muny beýleki esasy bähbitleri elden bermezden yzygiderli goldamak isleýäris. Al-Kaýda has zyýanly we sessiz ” diýýär.

“Bu adamlaryň peýdadan köp goh-galmagal getirýändigini Siriýa urşy halka görkezen bolsa gerek. Ýöne daşardakylaryň mundan sapak almazlygy mümkin. Al-Kaýda güýçlenýärmi, ony bilemok, ýöne ol yza çekilmeýäne meňzeýär” diýip, Faýsal sözüniň üstüni ýetirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG