Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanlynyň Stambuldaky hüjüme gatnaşygy barlanýar


Türkiýäniň mediasy hüjümçi bolmakda güman edilýäni görkezýän wideony ýaýratdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00

Türkiýäniň mediasy hüjümçi bolmakda güman edilýäni görkezýän wideony ýaýratdy (DNA Reuters arkaly)

Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli howpsuzlyk komiteti ýurduň raýatynyň 1-nji ýanwaryň gejesinde Satmbulda bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşygynyň ähtimaldygyny barlaýar.

Bu barada Azatlyk Radiosyna edaranyň resmi wekili Rahat Sulaýmanow habar berdi. Onuň sözlerine görä, döwlet komiteti türk kärdeşlerine bu barada degişli maglumatlary ýollapdyr.

Türkiýäniň polis gullugy Stambulda hüjümi gurnamakda aýyplanýan adamyň haýsy ýurduň raýatydygyny häzirlikçe resmi ýagdaýda beýan etmedi. Ýöne türk habar serişdelerinde munuň bilen baglanşykly yzygiderli täze maglumatlar ýaýradylýar.

Türkiýäniň iň köp tiražly gazetleriniň biri bolan "Hürriýetiň" ýazmagyna görä, hüjümçi hökmünde aýyplanýan adam 20-nji noýabrda aýaly we iki çagasy bilen Gyrgyzystandan Stambula uçar bilen gelýär. Ondan soň Konýa şäherine gidip, ol ýerde üç aý möhlet bilen bir jaýy kireýine tutýar.

Polisiň onuň suratyny metbugatda ýaýratmagynyň yzýanyndan goňşylary derrew howpsuzlyk işgärlerine aýyplanýanyň ýaşaýan ýerini habar berýär.

Türkiýäniň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, polis aýyplanýanyň aýalyny göz astyna alypdyr. Soragda ol öz adamsynyň Stambuldaky hüjüm bilen ilteşiginiň bardygyny diňe metbugatda çykan habarlardan bilendigini we şeýle-de onyň "Yslam döwleti" terror topary bilen arabaglanyşygyndan bihabardygyny aýdypdyr.

"HaberTurk" metbugat organy bolsa, hüjümçi bolmakda aýyplanýanyň aslynyň uýgur bolaýmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär. Onuň habaryna görä, täze ýyl gijesi hüjümçi gije klubyna Stambulyň Zeýtinburnu diýen etrabyndan taksä münip gelipdir. Polisiň soň şol etrapda geçiren reýdinde 12 adam göz astyna alnypdyr. "CNN Turk" telekanaly göz astyna alnanlaryň arasynda Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň raýatlarynyň hem bardygyny aýdýar.

Pasport eýesi hüjüme gatnaşygy ret edýär

Şol bir wagtyň özünde-de Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk komitetiniň işgärleri Stambuldaky hüjüme gatnaşandygy habar berilip, pasportyndaky suraty internetde çap edilen Ýahýa Maşrapowy sorag etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosyna Milli howpsuzlyk komitetiniň resmi wekili Rahat Sulaýmanow habar berdi.

"Maglumatyň peýda bolmagynyň yzýany operatiw-derňew işleri başlandy. Onuň ýaşaýan ýeri anyklanandan soň Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri ony edaranyň etrap bölümine alyp bardylar we sorag etdiler. Detallar soňrak bolar" diýip Sulaýmanow aýtdy.

Mundan ozal Türkiýäniň käbir media serişdeleri hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän adamyň wideo ýazgysyny we Gyrgyzystanyň raýatynyň pasportyndan alnan suraty ýaýradypdylar.

Maşrapowyň özi Turmush.kg neşrine beren interwýusynda Türkiýedäki terrorçylyga gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy. Ol 28-nji dekabrda Stambula baryp, 30-njy dekabrda yzyna Gyrgyzystana dolanyp barandygyny, soň 31-nji dekabrda Gyrgyzystanda bolup, 1-nji ýanwarda ýene Stambula uçup barandygyny habar berdi.

"Stambulyň aeroportunda uçara mündüm. Şol wagtyň özünde kanuny goraýjylar meni uçardan düşürdiler. Olar meni bir sagatdan gowrak wagtlap sorag etdiler. Bişkege barýan uçary sakladylar. Olar meni Stambulda täze ýyl gijesinde bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda sorag edendigini düşündirip, meniň suratdaky jenaýatça meňzeýändigimi aýtdylar we ötünç sorap uçara mündürdiler" diýip Maşrapow aýtdy.

Özbekleriň ýaşaýan ýerinde reýd geçirildi

Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň ol ýerdäki çeşmesiniň, ýagny mobil reportýorynyň maglumatyna görä, Stambulyň Zeýtinburnu etrabynda ýaşaýan özbekleriň öýlerinde geçirilen reýd dört sagatlap dowam edipdir. Ol munuň bilen baglanyşykly öz ýaşaýan jaýynyň balkonynda ýazga alan wideosyny Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna iberipdir. Onuň habar bermegine görä, reýd mahalynda ýagdaýy şübheli bolan migrantlar we käbir daşary ýurt raýatlary Stambulyň Kumkapy diýen ýerindäki daşary ýurtlulary deport edýän merkeze iberilipdir. Polisleriň reýd geçiren öýlerinde esasan Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Türkmenistandan bolan migrantlar ýaşaýar. Şol sanda, reýd geçirilen öýleriň arasynda çeçenler we uýgurlaryň ýaşaýan jaýlary hem bar ekeni.

Şol bir wagtyň özünde sosial ulgamlarda hüjümçidigi çak edilýän adamyň pasportunyň suraty ýaýradyldy. Surata salgylanylan mahaly aýyplanýanyň Gyrgyzystanyň raýatydygy görülýär.

Gyrgyzystanyň döwlet howpsuzlyk gullugynyň wekili Rahat Süleýmanow edaranyň türk kärdeşleri bilen aragatnaşykdadygyny belleýär.

Şol bir wagtyň özünde Gyrgyzystanyň migrasiýa gullugy hem bu ugurda öz derňew işini alyp barýar. Ol guramanyň wekili Taýyrbek Sarpaşew bolsa, bu temada türk tarapyna häzirlikçe ýüzlenme iberilmändigini aýdýar.

Gyrgyzystanyň Stambuldaky konsullygy hem Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, hüjümde aýyplanylýan barasynda Gyrgyzystanyň Türkiýeden häzire çenli bir resmi ýüzlenme almandygyny bildirýär.

Ýatlap geçsek, 1-nji ýanwarda Stambulda hüjüm gurnaldy. Gije sagat bir töwereginde näbelli bir adam Stambulyň Ortaköý diýen ýerindäki "Reina" atly gije klubynyň sakçylaryny öldürdi. Ol içerik girip, Täze ýyl gutlaýan märekäniň üstüne ot açdy. Dürli çeşmelerde aýan edilişine görä, şol mahal gije klubynda 500-700 töweregi adam bar ekeni. Hüjüm mahaly käbir adamlar özüni Bosfor bogazyna taşlapdyr. Hüjümiň netijesinde 39 adam pida bolupdyr we 69 adam hem ýaralanypdyr. Türk metbugaty polise salgylanyp beren maglumatynda, hüjümçiniň Özbegistanyň ýa-da Gyrgyzystanyň raýatydygy bolaýmagy ahmal diýýär.

XS
SM
MD
LG