Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň aňtaw resmileri Orsýetiň 'hat ogurlygyna gatnaşygy' barada çykyş eder


ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri James Klapper

ABŞ-nyň gizlin gulluklarynyň baş resmileri 5-nji ýanwarda Senatda boljak diňlenişikde ýurduň prezidentlik saýlawlaryna goşulmak boýunça kiber kampaniýasyna Orsýetiň güman edilýän gatnaşygy barada çykyş ederler.

Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň bu diňlenişigi ýurduň aňtaw gulluklarynyň saýlanan prezident Donald Trampa hasabat bermeginden bir gün öň geçirilýär.

ABŞ-nyň aňtaw jemgyýetçiligi elektron hatlary ogurlamak bilen baglylykda Demokratik partiýasyna we onuň dalaşgäri Hillari Klintonyň garşysyna edilen herekete Orsýetiň görkezme berendigini hasap edýär.

Orsýetiň hökümeti we Donald Trump şeýle netijeleriň esassyzdygyny aýdýarlar.

Tramp 4-nji ýanwarda eden çykyşynda WikiLeaksyň esaslandyryjysy Julian Assangyň aýdanlaryny, ýagny ogurlanan elektron hatlara Orsýetiň gatnaşygynyň ýokdugyny gaýtalady.

Senatda 5-nji ýanwarda boljak diňlenişikde Milli aňtaw gullugynyň müdiri James Klapperiň, Milli howpsuzlyk agentliginiň müdiri Mike Rogersyň we döwlet sekretarynyň aňtaw we goranmak boýunça orunbasary Marsel Lettreniň çykyş etmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG