Täze ýyl gijesinde Stambulyň Reina atly klubuna hüjüm edeniň etnik uýgur bolmagynyň ähtimaldygyny Türkiýäniň baş resmisi aýtdy.
Premýer-ministriň orunbasary Weýsi Kaýnak heniz azatlykda galýan ýaraglynyň uýgur bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy, emma muny ynamly aýdyp bilmejegini belledi.
Şeýle-de Kaýnak Türkiýäniň häkimiýetleriniň hüjümçiniň mümkin ýerleşýän ýerini we gatnaşyklaryny anyklandygyny habar berdi.
Türki dilli we esasan musulman dinli uýgurlar Hytaýyň günbatar böleginde köplük bolup ýaşaýarlar. Uýgurlaryň Merkezi Aziýada hem Türkiýede uly diasporalary bar.
Weýsi Kaýnagyň eden çykyşy polisiýanyň 5-nji ýanwarda Stambulyň töwereginde reýd geçirip, hüjüme gatnaşykda güman edilýän ençeme adamy tussag etmegine gabat geldi.
1-nji ýanwaryň gijesinde Stambulyň Reina atly gijeki klubuna edilen hüjüm zerarly azyndan 39 adam wepat boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” (YD) atly topar öz üstüne aldy.