Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Trampy Eýran bilen ýadro ylalaşygyna zeper ýetirmezlige çagyrdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Waşington, 5-nji ýanwar, 2017.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Waşington, 5-nji ýanwar, 2017.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri iş başyna geçýän Trampyň administrasiýasyny Eýran bilen ýadro ylalaşygyna zeper ýetirip biljek hereketlerden saklanmaga çagyrdy.

Kerri ylalaşygyň Tährany ýadro ýaragyny öndürmäge tehniki taýdan ukypsyz saklap dünýäni has goragly edip biljekdigini belledi.

Saýlanan prezident Donald Tramp ylalaşygy tankyt edip, onuň Eýrana örän köp zat berýändigini aýtdy we ondan el çekmegi teklip etdi.

“Trampyň nämäni saýlap aljagyny hiç kim öňünden aýdyp bilmeýär”, diýip Kerri 5-nji ýanwarda eden çykyşynda ylalaşygyň geçen ýylda baglaşylmagyndan öň ABŞ-nyň öňünde ýadro-ýaragly Eýran ýa-da Ýakyn Gündogardaky konflikt meselesinde saýlamak üçin “örän erbet” mümkinçilikleriň bolandygyny aýtdy.

Ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmegini we ýurda garşy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny talap edýär.

Kerri häzirki wagtda Tähranda 300 kilogram baýlaşdyrylan serişdäniň bardygyny, ozal bu sanyň 12 müňden ybarat bolandygyny, Eýranyň baýlaşdyrylan uran zapaslaryny 98% azaldyp, urany baýlaşdyrmak üçin gurallarynyň sentrifugalaryň sanynyň üçden iki bölegini azaldandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG