Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Merkezi saýlaw komissiýasy 2582 saýlaw nokadyny döretdi


Saýlaw nokady, Aşgabat
Saýlaw nokady, Aşgabat

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komiteti 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda prezidentlik saýlawlary geçirmek üçin 2582 sany saýlaw nokadyny döretdi, diýip türkmen metbugaty habar berýär.

Resmi maglumata görä, 39 sany saýlaw nokady Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda döredilipdir.

26-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaş etmek üçin resmi hasaba alnan dokuz kandidatlaryň sanawy düzüldi.

Şu gezek prezidentlik saýlawlaryna ilkinji gezek üç sany syýasy partiýanyň dalaşgärleri gatnaşarlar. Ýurduň häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasyndan kandidat hökmünde ýurduň häzirki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesine üçünji gezek dalaş eder.

Türkmenistanyň 2016-njy ýylda kabul edilen täze Konstitusiýasyna görä, prezident ýedi ýyllyk möhlet bilen saýlanýar.

XS
SM
MD
LG