Türkiýe geçen iýulda başa barmadyk agdarylyşyk synanşygyndan soňky arassalaýyşyň dowamynda, adatdan daşary ýagdaýlar kanuny astynda, 6 müňden gowrak polisiýa we jemgyýetçilik işgärini, alymlary işden boşatdy.
6-njy ýanwarda çap edilen täze hökümet kararyndagörä, 2,687 polisiýa ofiseriniň, Adalat ministrliginiň 1,699 resmisiniň, Saglyk ministrliginiň 838 işgäriniň, 630-dan gowrak alymyň, din işleri edarasynyň 135 resmisiniň işden boşadylmagy buýrulýar.
15-nji iýulda başa barmadyk döwlet agdarylyşygyndan bäri 120 müňden gowrak adam işden boşadyldy ýa-da wagtlaýyn gyrakladyldy.
Bu basyp ýatyryş halkara aladasynyň döremegine getirdi, hukuk toparlary prezident Rejep Taýyp Erdogany agdarylyşyk synanyşygyny başga pikirliligi jylawlamak üçin bahana edinmekde aýyplady.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!