Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hazar ýataklaryny özleşdirmek üçin maýa gözleýär


Goturdepedäki nebit tankerleri

Türkmenistan Demirgazyk Goturdepedäki nebit ýataklaryny özleşdirmek üçin maýadar gözleýär, bu barada anna güni geçen hökümet maslahatynda gürrüň edildi.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýewiň hasabatynda aýdylmagyna görä,Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda geçirilen seljermeler bu meýdanda örän baý uglewodorod ýataklarynyň bardygyny tassyklaýar.

«Bu meýdany daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmegiň deslapky seljermesi işlenip taýýarlanyldy» diýip, habarda aýdylýar.

Türkmen mediasynyň habaryna görä, täze ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi 60 sany gözleg-barlag we ulanyş guýulary, beýleki zerur desgalar gurlar.

Deslapky hasaplamalara görä, ilkinji ýedi ýylyň dowamynda bu ýerden 7 million tonna golaý möçberinde nebit çykarmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ABŞ-nyň 600 million dollaryna golaý serişdäniň zerurdygyny, bu işi daşary ýurt maýalaryny çekmek esasynda amala aşyryp, çykarylan çykdajylary öndürilen nebitiň hasabyna gaýtarmagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG