Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl protestinde ýedi adam tussag edildi


Ysraýyl esgeri Elor Azaria (O)
Ysraýyl esgeri Elor Azaria (O)

Ýerusalimde, ýaraly palestinalyny atyp öldürendigi üçin ýyl kesilen ysraýyl esgeriniň goragyna çykan ýedi protestçi tussag edildi.

Bu protestçiler 8-nji ýanwarda, prezident Reuven Rivliniň ýaşaýan jaýynyň daş işiginde saklandy.

Harby sud 4-nji ýanwarda 20 ýaşyndaky seržant, fransuz-ysraýyl raýaty Elor Azariany adam öldürmekde günäli tapdy. Ol 20 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz dur.

Azaria 2015-nji ýylyň başynda, Hebron şäherinde goşun doktory hökmünde gulluk edýän wagty iki sany palestinaly pyçakly hüjüm edýär we olaryň biri atylyp öldürilýär. Ikinji hüjümçi, 21 ýaşyndaky Abd Elfatah Aşarif ýaralanyp ýykylýar we Azaria ony ýatan ýerinde, kellesinden tüpeňläp öldürýär.

Azaria sudda onuň şindem howply bolmagynyň ahmaldygy ýa-da partlaýjy guşagynyň bolmagynyň mümkindigi barada pikir edendigini aýtdy.

Bu höküm Ysraýyly iki bölege böldi. Premýer-ministr Benýamin Netanyahu Azarianyň günäsi geçilmeli diýip pikir edýär.

XS
SM
MD
LG