Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň pension fondunyň ýolbaşçysy tussag edildi


Almaty şäheriniň Almaly etrap sudy, Gazagystan

Gazagystanyň döwlet pension fondunyň we bu edaranyň maliýe bölüminiň müdiri korrupsiýa bilen baglylykda tussag edildiler.

Almaty şäheriniň Almaly etrap sudy pension fondunyň müdiri Ruslan Erdenaewiň we maliýe bölüminiň müdiri Musa Bahtowyň wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmak bilen bagly aýyplamalaryň esasynda iki aýlyk deslapky tussaglyga höküm edilendigini 9-njy ýanwarda yglan etdi.

Erdenaewiň we Bahtowyň işi bilen baglylykda Gazagystanyň mineral serişdeler bilen işleýän iki sany hususy kärhanasynyň “AlatauMunaiAltyn” we “Buzgul Aurum” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem deslapky tussag astyna alyndy.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk boýunça komiteti pension fonduň bäş million tenge ýagny 14.8 million amerikan dollary möçberdäki puly agzalan iki kompaniýa bikanun ýatyran bolmagynyň güman edilmegi sebäpli, 21-nji dekabrda derňew işine başlandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG