Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Amerikan kinofilmleri görkezilýär

Şu günler Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet we informasiýa merkezi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde amerikan kinofilmleri görkezilýär.

Türkmenistanyň mekdeplerinde dowam edýän gyş kanikullaryna gabatlap geçirilýän bu çäräniň dowamynda “Haýwanlar şäheri” atly multfilm, “Grinç – baýram talaýjysy” hem-de “Jeňňel kitaby” ýaly çeper filmler tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlenýär.

Rus dilinde görkezilýän bu kinofilmleri tomaşa etmäge baran ýaşaýjylardan giriş tölegi talap edilmeýär.

Ýokarda agzalan filmler 3-4-nji ýanwarda Balkanabat şäherinde, 5-nji ýanwarda Türkmenbaşy şäherinde, 7-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” kinoteatrynda görkezildi.

Şeýle-de, bu filmler 8-9-njy ýanwarda Daşoguz şäherindäki tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlenip, 10-11-nji ýanwarda Mary şäherinde, 12-13-nji ýanwarda Türkmenabat şäherinde görkezilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG