Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti wizasyz syýahatçylyk planyny yza tesdirdi


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaew 27 ýurduň raýatlarynyň Özbegistana wizasyz syýahat etmegine mümkinçilik döretmek boýunça planyny indiki dört ýyla çenli ýatyrdy.

Özbegistanyň öz kanunlaryny ýerleşdirýän resmi websaýtynda 9-njy ýanwarda çap eden maglumata görä, prezidentiň permanyna 29-njy dekabrda gol çekilipdir.

Şawkat Mirziýaewiň 6-njy dekabrda öňe süren planyna görä, 2017-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap wizasyz režimi girizmek teklip edilipdi. Prezidentiň soňky karary wizasyz düzgüniň 2021-nji ýyla çenli yza tesdirilýändigini aňladýar.

Planda dünýäniň 15 ýurdunyň, ýagny Awstraliýany, Awstriýanyň, Britaniýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, Luksemburgyň, Gollandiýanyň, Günorta Koreanyň, Singapuryň, Finlýandiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň raýatlaryna 30 güne çenli Özbegistana wizasyz syýahat etmäge rugsat bermek göz öňünde tutulypdy.

Şeýle-de, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Fransiýanyň, Polşanyň, Wengriýanyň, Portugaliýanyň, Çehiýa Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Hytaýyň, Malaýzianyň, Wietnamyň we Ysraýylyň 55 ýaşyna ýetmedik raýatlaryna Özbegistana 30 güne çenli wizasyz syýahat etmegine rugsat bermek teklip edilipdi. Şol bir wagtda-da Özbegistana syýahat etmek üçin 50 dollar möçberindäki wiza töleginiň saklanjagy aýdylypdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG