Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda barha ýaramazlaşýan mobil internet hyzmatlary


Mobil telefonly zenan.
Mobil telefonly zenan.

Daşoguz welaýatynda mobil internetiň kadaly işlemeýändigi sebäpli ýaşaýjylar käte öz ýazan elektron hatlaryny ugratmak üçin, azyndan ýarym sagat garaşmaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, internetiň kadaly işlemeýändigi bilen baglanyşykly kynçylyklar indi ençeme aý bäri dowam edýär. Emma bu ýagdaýyň soňky aýlarda has-da ýiti duýulýandygy aýdylýar.

“Internetiň hili öňem öwerlikli däldi. Emma soňky wagtlarda internet hyzmatlary müşderileri kanagatlandyrardan juda pes. Websaýtlaryň köpüsine girip bolmaýar. Sosial saýtlaryň arasynda diňe ‘Line’ ulgamyndan peýdalanyp bolýar. Ýöne ony ulanmagam sagat 17:00-dan soň gaty kynlaşýar. Sagat 5 boldugy, hat ugratmak ýa-da hat almak üçin azyndan ýarym sagat, käte 1 sagat garaşmaly bolýar” diýip, Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy 34 ýaşly Geldimyrat aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagt Türkmenistanda, şol sanda Daşoguz welaýatynda adamlar MTS we TmCell kompaniýalarynyň mobil telefonlary arkaly üpjün edýän internet aragatnaşygyndan peýdalanyp bilýärler.

“Merkezden şeýle, biziň elimizden gelýän zat ýok”

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu welaýatda adamlar MTS-iň 3G internet hyzmatyndan diňe Daşoguz şäheriniň we Köneürgenç şäheriniň merkezinde kadaly peýdalanyp bilýärler, galan etrapdyr obalarda MTS-iň internet hyzmaty “internet diýerden juda bärden gaýdýar”.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda TmCell kompaniýasynyň internet hyzmatynyň hem MTS-däkiden o diýen tapawutlanmaýandygy aýdylýar.

Daşoguz şäherinde, Nyýazow etrap merkezinde, Boldumsaz şäher merkezinde we Köneürgenjiň şäher merkezinde TmCell-iň 3G interneti işlese-de, oňa-da “internet diýip bolmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri aýdýarlar.

“Welaýatyň käbir şäher we etrap merkezlerinde internet hyzmatlary belli bir derejede işlese-de, olardan hem doly peýdalanyp bolmaýar. Daşary ýurtlardan gelýän wideo jaňlary kabul edip bilmeýäris. Çagasy daşary ýurtlarda okaýan ene-atalar hem öz çagalaryndan gelýän wideo jaňlary kabul edip bilmeýärler” diýip, boldumsazly Geldimyrat aýdýar.

Käbir internet ulanyjylary bu mesele boýunça özleriniň MTS we TmCell kompaniýalarynyň degişli edaralaryna ýüzlenendiklerini, emma olaryň “merkezden şeýle, biziň elimizden gelýän zat ýok” diýip, jogap berendigini aýdýarlar.

Berdimuhamedow “internetiň ganym duşmany”

Galyberse-de, bu barada Azatlyk Radiosynyň MTS we TmCell kompaniýalarynyň Daşoguzdaky resmileri bilen telefon arkaly habarlaşyp, komentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Türkmenistanda mobil telefonlar arkaly internet aragatnaşygy çäkli bolup, ýurduň obadyr etraplarynda, kähalatda şäherlerde internet hyzmaty kadaly işlemeýär. Şol bir wagtda, ýurtda daşary ýurt websaýtlarynyň ençemesi, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty, YouTube saýty, “Instagram”, “Telegram”, “WhatsApp”, Facebook we Twitter sosial ulgamlary petikli bolmagyna galýar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň internet azatlygy boýunça çap edýän hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy özüniň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda çap eden hasabatynda, Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowy “internetiň ganym duşmany” diýip atlandyrdy.

Gurama Türkmenistanyň dünýäniň iň totalitar režimleriniň biridigini aýdyp, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň mediasyny doly gözegçilikde saklaýandygyny we resmi propaganda laýyk gelmeýän maglumatlary berýänlere hem berk daraýandygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG