Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň täze aeroporty çöküp başlady


2,2 millarda durýan we guşuň keşbinde gurlan bu aeroport “Aziada-2017” oýunlaryna gabatlanyp açylypdy.
2,2 millarda durýan we guşuň keşbinde gurlan bu aeroport “Aziada-2017” oýunlaryna gabatlanyp açylypdy.

Aşgabatda mundan birnäçe aý ozal açylyp, ulanyşa berlen täze aeroport çöküp başlady diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri maglumat berýärler.

Birnäçe çeşmä salgylanyp berilýän maglumata görä, Oguzhan adyndaky aeroportyň çökmegi netijesinde, binanyň aýnalary çat açyp we aragatnaşyk ulgamlary sandan çykyp başlapdyr.

Wakanyň bolan ýerinde häzir, aeroporty guran Türkiýäniň “Polimeks” kärhanasynyň hünärmenleriniň zähmet çekýändikleri aýdylýar. 1,200 gektara golaý meýdanda ýerleşip, 100-e golaý hem desgany öz içine alýan aeroportyň anyk haýsy binasynda näsazlygyň ýüze çykandygyny aýdyňlaşdyrmak başartmady.

“Polimeksiň” Aşgabatdaky edarasynyň bir işgäri, özüniň atlandyrylmasyzlyk şerti bilen, aeroportyň binalarynyň birinde näsazlygyň ýüze çykandygyny we ol ýerde bejeriş işleriniň alnyp barylýandygyny tassyklady. Emma ol meseläniň anyk haýsy binada ýüz berendigini we onuň häsiýeti dogrusynda nähilidir bir maglumat bermekden saklandy. Şol bir wagtda, gurluşyk firmasynyň işgäri aeroporta işgärleriň we ýörite tehnikanyň ýollanandygyny mälim edip, gurluşykçylaryň toparyna Emre Bakal atly türk hünärmeniniň ýolbaşçylyk edýändigini sözüne goşdy.

Bu aralykda, “Polimeksiň” Stambuldaky baş edarasynyň işgäri ýüze çykan bu ýagdaý barada habarynyň ýokdugyny belläp, munuň ygtybarly maglumatdygyna ynanmaýandygyny aýtdy.

“Bu mümkin däl” diýip, “Polimeksiň” Türkiýedäki wekili gysgaça jogap berdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň hökümetindäki çeşmeleriniň biri sişenbe we çarşenbe günleriniň dowamynda "Polimeks" kärhanasynyň wekilleriniň birnäçe gezek prezidentiň administrasiýasyna barandyklaryny aýtdy.

Aeroportyň ýerleşýän sebitiniň ýagdaýyny gowy bilýän geologlaryň sözlerine görä, bu raýonda elmydama-da çylşyrymly gidrogeologiki şertler bolupdyr. Ol ýerden geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, kadaly iş şertleri üçin, dowamly grunt suwlary hem çykarylyp gelinipdir.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aeroportyň tutuş binalar toplumynda we uçuş-gonuş liniýasynda hem dowamly gözegçilik işleriniň geçirilendigini aýtdylar.

Aşgabatda $2,2 milliardlyk aeroport açyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Asly türkmenistanly geolaglaryň biri Azatlyk Radiosy bilen atlandyrylmasyzlyk şerti bilen söhbetdeşliginde, onsuz hem ‘esli pul çykarylyp” gurlan, aeroportdaky näsazlyklaryň aradan aýrylmagy üçin köp mukdarda maliýe serişdesiniň gerek bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Bu aeroport onsuz hem 2 milliard dollardan hem ýokary pula guruldy. Eger-de hakykatdan hem näsazlyk ýüze çykan bolsa, muny aradan aýyrmak üçin, ýene köp mukdarda çykdajylaryň gerek bolmagy mümkin. Eger-de bir bina çöken bolsa, munuň öňüni alyp bolmaýar. Ýagdaýlaryň hasam ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin, dowamly bejeriş işlerine-de amal etmeli bolar” diýip, Türkmenistandan çykyp gaýdan geologlaryň biri gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, 2,2 millarda durýan we guşuň keşbinde gurlan bu aeroport “Aziada-2017” oýunlaryna gabatlanyp açylypdy.

Ýylda 17 million ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen aeroport ýolagçy terminalynyň üçeginde şekillendirilen iň uly haly göli ornamenti bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdi.

Galyberse-de, häzir bu aeroport çäkli ýagdaýynda işlemegini dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG