Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanlar, Gresiýa, Gündogar Ýewropa: Onlarça adam sowukdan heläk boldy


Bosnia-Herzegowina, 10-njy ýanwar, 2017.

Balkanlaryň, Gresiýanyň we Gündogar Ýewropanyň böleklerinde onlarça ýylyň dowamynda emele gelen iň sowuk howa we güýçli gar onlarça adamyň ölümine, elektrik togunyň kesilmegine we syýahatçylygyň ýatyrylmagyna sebäp boldy.

Häkimiýetler 1963-nji ýyldan bäri emele gelen iň sowuk howa zerarly azyndan 73 adamyň wepat bolandygyny, şol sanda şu hepdede Balkanlarda azyndan 15 adamyň sowukdan heläk bolandygyny, olardan dört garry adamyň Bosniýada, alty adamyň Serbiýada, iki öýsüz adamyň Kosowoda we bir garry aýalyň hem iki sany öýsüz adamyň Makedoniýada wepat bolandygyny habar berdiler.

Gijelerine howanyň minus 20 gradusdan pese düşýän wagtynda 11-nji ýanwarda halas ediji guramalar ilkinji nobatda sowukda ejir çekýänleriň iň ejiz gatlagyny öýsüz adamlaryň we migrantlaryň emele getirýändigi barada habarly edildi.

BMG-niň migrasiýa boýunça agentliginiň Ýitirim bolan migrantlar atly proýekti ýylyň başyndan bäri Ortaýer deňiz regionynda sowukdan heläk bolan 11 adamy hasaba aldy.

Gurama Gresiýanyň adalarynda zerur şertleri bolmadyk lagerlerde ýaşaýan 15 500 çemesi migrantyň ykbalyna aladalanma bildirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG