Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Çilim söwdasy bir sagada çäklendirildi


Türkmenistanda çilim çekýän ýaşaýjylar.
Türkmenistanda çilim çekýän ýaşaýjylar.

Aşgabatda çilim gytçylygy bilen baglanyşykly problema dowam edýär. Döwlete degişli dükanlarda çilim indi günüň dowamynda diňe bir sagat satylýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, Paýtagtyň 11-nji mikroraýonyndaky, Parahat 1 we 2 etrapçalaryndaky döwlete degişli dükanlarda çilim irden sagat 08:00-dan 09:00-a çenli ýa-da 07:00-dan 08:00-a çenli satylýar.

“Mundan ozal, dükana getirilen çilim satylyp gutarýança, ýagny 3-4 sagatlap çilim satylýardy. Indi bolsa, dükan satyjylary çilimiň satuwynyň başlanyna 1 sagat bolansoň, adamlara “çilim gutardy” diýýärler. Döwlet tarapyndan kesgitlenen 1 sagat dolansoň, nobata duran 300-den gowrak adamyň onlarçasy çilim alyp bilmän yzyna gaýdýarlar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden aşgabatly çilimkeş gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, 10 güne golaý arakesmeden soň, geçen hepde döwlet eýeçiligindäki dükanlarda çilim çäkli möçberde gaýtadan satuwa çykaryldy. Adamlar 19-20 manada durýan çilimden günde diňe bir guty satyn alyp bilýärler.

Döwlete degişli käbir dükanlaryň müdirleri mundan beýläk çilimiň günde diňe 1 sagat satylmagynyň sebäbini “nobatlary azaltmak we çilim nobatyna durmak üçin iş orunlaryny taşlap gaýdýanlaryň sanyny azaltmak” maksady bilen edilýän çäre diýip düşündirýärler.

Dawa-jenjeller

“Magazin müdirler, şeýle-de söwda dükanlarynyň işgärleri şeýle düşündirýärler: ‘çilim satylýan wagty admalar iş orunlaryny taşlap çilim nobatyna durýarlar. Meselem, gurluşykda işleýänleriň iş orny üç-dört sagatlap boş galýar. Ine şondan gaçmaklyk, adamlaryň iş orunlarynda bolmagyny gazanmak üçin edýäs’ diýýärler. Ikinjidenem ir sagat ýedide çilim dükanyna ähli kişi gelip ýetişenok. Sagat sekizde gelen adamlara-da ‘çilim gutardy ýa-da çilim satmagyň wagty tamamlandy’ diýilýär. Şeýdibem, çilim almaga gelen adamlary yzyna iberýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew dükan satyjylaryna salgylanyp gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, çilim Aşgabadyň döwlete degişli sanlyja dükanynda satylýar. Şeýle-de, çilimi satyn aljak adamlardan dükanlaryň arka tarapyndaky girelgeleriň öňünde nobata durmak talap edilýär. Ýerli synçylar bu çäräniň “uly köçelerden serediňde şol nobatlar adamlaryň gözüne ilmesin” diýen niýet bilen amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.

Bu nobatlara polisiýa resmileri, ýörite gulluklaryň işgärleri we harby ýokary okuw jaýlaryň kursantlary tarapyndan gözegçilik edilse-de, kähalatlarda bu ýerde dawa-jenjelleriň hem bolýandygy aýdylýar.

“Bir ýigit gelip, nobatyň yzynda däl-de, nobatyň öňräklerinde durjak boldy. Nobata duranlara ‘sen bikanun geçjek bolýaň, biz hälden bäri durus’ diýse-de, ol ‘ýok, men nobat belledim’ diýdi. Onsoň şotaýda tas ýakalaşma çenli baryp ýetdiler. Onsoň polisiýa işgärleri gelip, düzgün bozup nobata girjek bolýanlara ‘mundan 20 minut ozalam çilim alyp gitdiňiz. Indem näme üçin düzgün bozup, nobata girjek bolýaňyz?’ diýende, olar polisiýa işgärleri bilen gaňryş-dawa başladylar” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Çäklendirmeler

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Aşgabatdaky çilim nobatlarynda aýal-gyzlaryň nobata durandygy göze ilmeýär. Ýatladyp geçsek, ýurtda çilimiň söwdasyna girizilen ençeme tapgyr çäklendirmeleriň çäginde onuň aýal-gyzlara satylmagy hem gadagan edilipdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde çilim satyn almakçy bolýan aýallardan, ýerli Narkologiýa bölüminden ýörite güwänamany almagyň talap edilýändigini habar berdi.

Bu neşiriň maglumatynda çilimi satyn almakçy bolýan aýallaryň bu güwänama esasynda özleriniň “temmäki önümlerine ýapjadygyny” subut etmelidigi aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri ýurtdaky çilim gytçylygy, nobatlar we onuň sebäpleri barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

Türkmenistanda çilimiň söwdasyna girizilen çäklendirmeler 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri dowam edýär. Şonda çilim söwdasyny edýän hususy eýeçilikdäki dükanlaryň onlarçasy ýapylyp, mart aýynda prezidentiň gol goýan karary esasynda ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlyklary diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berlipdi.

XS
SM
MD
LG