Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mary-Türkmenabat ýolunda ýol hadysasy köpelýär


Türkmenistanda bolan ýol hadysalarynyň biri.

Il içindäki maglumatlara görä, Mary-Türkmenabat awtomobil ýolunda agyr ýol pajygalary köpelýär. Soňky gezek şeýle ýol pajygasy ýanwar aýynyň 9-nda, çal reňkdäki «Awalon» kysymly maşyn ýoldan çykanda boldy. Onuň içindäkileriň aglabasynyň agyr ýaralanandygy aýdylýar.

Emma mundan ozal, dekabr aýynyň ortalarynda iki ýeňil awtoulagyň çaknyşmagy netijesinde, has agyr ýol pajygasy boldy. Bu hadysada iki awtoulagdaky ýolagçylaryň ölenleri hem boldy diýip, şaýatlar gürrüň berýär.

Bu iki waka-da il arasynda derrew ýaýrady. Emma şu we beýleki ýol pajygalary barada halk köpçüligine doly habar ýetmän galýar. Sebäbi bu hili ýagdaýlar barada resmi mediada hiç hili duýduryjy ýa başga maglumat ýaýradylmaýar.

Mundan iki-üç ýyllykda hem iki welaýaty birikdirýän ýoluň ugrunda bir aýyň dowamynda 40-a golaý ýol pajygasynyň bolandygy barada habarlar ýaýrady. Şondan soň ýoluň Lebap böleginde gije-gündiz eli radarly PÝGG-nyň işgärlerinden patrul gözegçiligi hem köpeldi. Ýoldaky gözegçilik gatnawyň Lebaba degişli bölüminde häzire çenli hem dowam edýär. Emma soňky bolan agyr wakalaryň ýoluň Mary böleginde bolandygy aýdylýar.

Ýaramaz ýollar

Käbir sürüjileriň tassyklamagyna görä, ýol hadysalaryna esasan ýoluň ýaramazlygy sebäp bolýar.

Şeýle pikirdäki sürüjileriň biri hem maryly Alym, ol 40 ýaşlarynda Mary-Türkmenabat aralygynda hususy taksi sürüjisi bolup güzeran aýlaýar.

«Ýol gowy bolsa, hiç hili problema ýok diýerlik, häzir bolsa ýola ideg azaldy, çukurlar seredilmese köpelýär we şonuň bilen bilelikde pajygaly ýagdaýlar hem köpelýär» diýip, ol aýdýar.

Alym, sözüne delil edip, Mary-Aşgabat ýoly oňarylanyndan soň ýol hadysalarynyň azalandygyny mysal getirýär.

«Ine, ýol erbet wagty Aşgabat aralykdan günde-günaşa bir ölüm habary gelýärdi. Hana, ýoly oňardylar welin, eşidilenog-a indi kän» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Mary-Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjileriň hem aglabasy Alymyň pikiri bilen ylalaşýar. Emma ýolagçylar bu pikir bilen doly ylalaşmaýarlar.

Aşa ýokary tizlik

Käbir ýolagçylaryň aýtmagyna görä, taksi bilen sapara çykmak howpsuz däl, hususan-da olar gijeki saparyň has hem gorkuly bolýandygyny aýdýarlar.

Taksili saparyň beýle gorkuly bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri sürüjileriň ulagy aşa ýokary tizlik bilen sürmekleri bilen bagly hasaplanylýar.

«Men bir gezek Türkmenabatdan Mara gitmek üçin hususy taksilere mündim welin, ortaça üç ýarym sagatlyk ýoly iki sagatda geçdik. «Hudaý» diýip, ýetýänçä zordan oturdym» diýip, özüni Mekan diýip tanada 26 ýaşyndaky ildeşimiz aýdýar.

Ýaşlar ýokary tizlikden kän gorkmasa-da, bu taksiçileriň sürüşi gorkuzýar, sebäbi olaryň iň pes tizligi azyndan sagat 120 km diýip, Mekanyň ýoldaşy Wepa aýdýar.

Taksiçileriň özleri hem, hemmesi ulagy beýle gaty sürmese-de, içlerinde gaty sürýänleriň hem az däldigi bilen ylalaşýarlar.

PÝGG işgärleri

Taksiçileriň seresapsyzlygy we ýol pajygalarynyň köpelýändigi barada aýdylýanlary PÝGG işgärleri hem tassyklaýarlar.

«Bir ýerde ýol pajygasy köp bolýan bolsa, ony degişli bölümlere habar berýäris. Soňra şol ýerde bir swetofor ýa bolmasa ýol belgisi dikilýär” diýip, Mary şäher PÝGG-nyň işgäri Sapar aýdýar.

Şeýle-de, ýol pajygalary köpeliberse, taksi sürüjileri bilen gürrüňdeşlik geçirilýär diýip, Sapar sözüniň üstüni ýetirdi. Onuň pikirine görä, bolýan ýol pajygalarynyň 80% esasan taksi sürüjileri bilen bagly. «Taksi sürüjisi diýmek bolsa näme? Ýanynda ýolagçy bar, ýeke özi däl diýmek» diýip, ol aýdýar.

Ýol idegi, ýagny bejeriş işleri aram-aram geçirilýän bolsa-da, iki welaýaty birikdirýän uly ýoldaky agyr ýükli ulaglaryň we beýleki maşynlaryň gatnawynyň ýygylygy sebäpli, ýol tiz zaýalanýar diýip, sürüjiler we polisiýa işgärleri aýdýarlar.

Munuň üstesine, dünýä bazarlarynda energiýa serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetine duýarlykly täsir ýetirýär we bu ýollara edilýän idegiň has-da peselmegine getirýär diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen resmisi Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG